Tejribeli kärendeçi

11 Iýul 2023
392

Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde tejribeli kärendeçileriň uly topary zähmet çekýär. Batyr Pälwanow hem şeýle daýhanlaryň biri. Öňdebaryjy kärendeçileriň arasynda ady ilkinjileriň hatarynda agzalýan bu daýhanyň üstümizdäki ýylda hem toprakdan bol hasyl almak ugrundaky tagallalary ýerine düşýär.

Indi 15 ýylyň içidir, ol ene topraga yhlas siňdirip, ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürip gelýär. Pagtaçylykda, däneçilikde ýeterlik tejribe toplan kärendeçi daýhan şanly ýylymyzda 10 gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýy ýetişdirip, orak möwsümini guramaçylykly alyp bardy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.