Taýýarlyk işleri

10 Iýul 2023
568

«Oty köpüň maly dok» diýen asylly ýörelgä eýerýän Bäherden etrabynyň maldarlary gyş üçin ot-iým taýýarlamak işlerine jogapkärçilikli çemeleşýärler. Şu maksat bilen, häzirki günlerde etrabyň maldarçylyk hojalyklary ot-iým üpjünçiligi üçin niýetlenen ýer böleklerinde ot-iýmlik ekinlerini ýetişdirmekde degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatdaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan etrabyň maldarlary gyş üçin, esasan-da, dänelik, ýorunja we gaýry meýdan otlaryny ýetişdirýärler. Olar ýorunja bedesiniň, ýandagyň, kepek, sarun ýaly iýmleriň hem ätiýaçlygyny döredip, gyş möwsümine taýýarlykly barýarlar. Bu babatda etrabyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr.

Bezirgen BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.