Zähmetsöýer Kombaýnçylar

8 Iýul 2023
503

Kerki etrabynyň oba hojalygyna tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bugdaý orýan kombaýnlary ýüzüp ýören gämilere çalym edýär. Başyny aşak egip, adaja öwüsýän şemala ygşyldap tolkun atýan bugdaýly atyzlar bolsa deňzi ýada salýar. Biz «CLAAS», «Case», «John Deere» kysymly kuwwatly kombaýnlara erk edýän ussat kombaýnçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, olaryň işleýän ýerine geldik.

— Kombaýnçylaryň birini öwüp, beýlekisini goýar ýaly däl. Hemmesi-de işine ýüregi bilen ýapyşyp, yhlas bilen işleýär. Ýöne welin, ussatdan ussat, ökdeden ökde bar diýleni. Olaryň arasynda Batyr we Daýanç Kulyýewleriň atlary mydama ilki agzalýar. Sebäbi olar özleriniň erk edýän kombaýnlaryny hemişe gurat saklap, biri-biri bilen goldaşyp işleýärler. Şonuň üçin doganlaryň orýan gektary-da, bunkerden agdarýan tonnalary-da beýlekileriňkiden ýokary bolýar — diýip, Agrar partiýanyň Kerki etrap komitetiniň başlygy Rahman Öwezow gürrüň berdi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ödegeldi KULYÝEW.