Galla — 2023

5 Iýul 2023
606

Gallaçy daýhanlaryň üstünlikleri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý oragyny ýokary depginlerde dowam etdirýän welaýatymyzyň gallaçylarynyň gazanýan üstünlikleri barada guwandyryjy habarlar gelip gowuşýar. Daýhan birleşikleriniň ençemesiniň ezber kärendeçileri Watan harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryny abraý bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Olaryň hatarynda Görogly etrabynyň «Aksaraý», B.Öwezow adyndaky, «Berkarar», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Parahat» daýhan birleşikleriniň bardygyny aýtmak bolar.