Ussat bakjaçy

11 Iýul 2023
370

Babadaýhan etrabynyň «Hasyl» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepmyrat Saparow her ýylda bakjasynda behişdi nygmat bolan gawun-garpyzlaryň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýän daýhanlaryň biri. Tejribeli bakjaçynyň uly üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 3 gektar meýdanda ýetişdiren hasylyny göreniňde onuň topraga siňdiren yhlasynyň ýerine düşendigine göz ýetirip guwanýarsyň.

Indi ýetmiş ýaşa golaýlap barýan Rejepmyrat Saparow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uçurymy. Daýhan birleşikde agronom, mehanik, pagtaçylyk, däneçilik, gök ekerançylyk toparlarynyň ýolbaşçysy bolup işläpdir. Onuň kakasy Sapar Gurbanmyradow bütin ömrüni daýhançylyga bagyş edip, kesbinden kemal tapyp, adygan adamlaryň biri bolansoň, bereket-bagt tapan kärine çagalarynda hem söýgi döretmegi başarypdyr. Ata kesbine eýeren Rejepmyrat hormatly dynç alşa çyksa-da, gol gowşuryp oturmaýar. Çagalaryna baş bolup kärende ýerinde bilini berk guşap, zähmet çekýär. Ol şu ýyl 5 gektar kärende ýeriniň 3 gektarynda gawunlaryň bereketli hasylyny ýetişdiren bolsa, 2 gektaryna ýorunja ekipdir. Onuň aýtmagyna görä, aralyk ekinler-de, pomidor, hyýar, kädi ýaly ekinler-de maşgalanyň hemişe üns merkezinde. Bu işlerde oňa alty çagany ösdürip ýetişdiren ýanýoldaşy Ogulmaral gelneje-de, ogullary Şirmyrat, Begmyrat, Kakamyrat dagy hem kömek berip gelýärler.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy». Surata düşüren awtor.