"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak döwrüň talabydyr

Häzirki döwürde ýurdumyzyň suw baýlyklary derýalaryň hem-de ýerüsti we ýerasty suwlardan, suwarymly meýdanlarda emele gelýän zeý we sil suwlaryndan ybaratdyr. Türkmenistanyň Suw kodeksinde suw baýlyklarymyzy toplumlaýyn peýdalanmagyň tertibi beýan edilýär. Şu nukdaýnazardan, zeý suwlaryny oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmak şu günki günüň wajyp meselesidir. Suwarymly ekerançylykda ösdürilip ýetişdirilýän ekinlere berilýän mineral dökünleriň ujypsyzja bölegi toprakdan süzülip, zeýkeşlerden çykýar. Ylmy çaklamalara görä, zeýkeş suwlarynyň düzümindäki bar bolan iýmit maddalaryny mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmekde peýdalanyp bolar. Mikrosuwotular bolsa, bioenergiýany öndürmekde ygtybarly çig mal serişdesi bolup hyzmat edýär. Mikrosuwotulary zeýkeş suwlarynda ösdürmegiň artykmaçlygy onuň azyk howpsuzlygyna zyýan ýetirmeýändigi, beýleki ösümliklerden 15 – 20 esse tiz köpelýändigi, gaty gabygynyň ýokdugy sebäpli gaýtadan işlemegiň arzan düşýändigi, daşky gurşawa zyýanly täsir etmeýändigi bilen düşündirilýär. Zeýkeş suwlarynda energetiki maksatly mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmek ýurdumyzyň ykdysady we ekologiýa bähbitlerine laýyk gelýär. Bu bolsa ýurdumyzda durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna ýardam edýär.

Pagta ýygymy bosagada

Sarahs etrabynyň pagtaçy babadaýhanlary üstümizdäki ýylda 17 müň 500 gektar meýdanda gowaça ekip, şondan 35 müň 800 tonna hasyl almagy maksat edindiler. Bu asylly maksada ýetmek üçin oba zähmetkeşleri oňat gögeriş gazanylan meýdanlardaky ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşdiler. Gowaçalaryň hatarara bejergisini geçirmek, siňňitli suw tutmak, haşal otlardan arassalamak, goşmaça iýmitlendirmek ýaly möhüm çäreleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda berjaý edilmegi bol hasylyň kemala getirilmeginde möhüm şertleriň biri boldy. Meýdanlarda bitginli hasylyň kemala getirilmegi bilen pagta ýygymy möwsümine taýýarlykly barmak, hasyly öz wagtynda çalt we zaýasyz ýygnap almak, onuň ýangyndan goralmagyny üpjün etmek ýaly guramaçylyk çäreleri şu günüň möhüm meseleleriniň biridir. Bu ugurdaky işlere etrapda jogapkärçilikli çemeleşilýär. Ýetişdirilen gowaça hasylyny etrabyň «Gaňňaly» we «Ak altyn» pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek meýilleşdirilýär. Agzalan harmanhanalarda pagtanyň görnüşlerine görä harman ediljek meýdançalar öňünden taýýarlanylyp, olarda işlediljek tehnikalar we enjamlar doly gözden geçirildi. Möwsümde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 32-sini doly güýjünde işletmek meýilleşdirilýär. Ýygnalan hasyly daşamakda tirkegli traktorlaryň we ýük awtoulaglaryň onlarçasy hereket eder.

Üzüm — bazarly önüm

Ak şäherimiz Aşgabatdan Gökdepä sary ugrasaň, uly gatnawly ýoluň iki gapdalyny tutup duran, giň meýdanlary bezäp oturan üzümçiliklere gözüň düşýär. Toý saçaklarymyzyň bezegi bolan ir-iýmişleriň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan, tagamy datly, göze ýakymly bu üzümler zähmetsöýer bagbanlarymyzyň alyn deri, arly ýylky çekýän yhlasly zähmeti, ene topraga siňdirýän mähir-muhabbeti netijesinde kemala gelýär. Gökdepe etrabynda tagamy datly şirin-şeker üzümleri ösdürip ýetişdirmekde ussatlyga ýetişen üzümçiler barmak basyp sanardan juda köp. Etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Daýançgeldi Garajaýew hem şeýle ussatlaryň biri. Indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri baldan datly üzümleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýän üzümçi ýigit şu ýyl hem 4 gektardan gowrak kärende ýerinde üzümiň bereketli hasylyny ýetişdirdi.

Sazlaşykly tagallalar

Gökdepe etrabynda güýzlük däne ekişiniň taýýarlyk işlerine uly üns berilýär. Sürüm, tekizleýiş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilip, ýerler geljek ýylyň hasyly üçin däne ekişine birkemsiz taýýarlanylýar. Meýdan işlerinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary tutanýerli zähmet çekýärler. Olar özleriniň erk edýän traktorlaryny saz işledýärler. Agzalan kärhananyň abatlaýjy ussalary bolsa, tehnikalary öňdäki möwsüme — güýzlük däne ekişine taýýarlyk hatarynda goýmakda guwandyryjy işleri alyp barýarlar.

Ak hanalar köpelýär

Awgust aýynyň diňe bir hasyla hasyl goşýan aý bolman, eýsem, ak patrak ýaly bolup açylýan ak hanalaryň gün-günden köpelýän aýydygyny-da daýhanlar subut etdiler. Her täze güni atyzda garşylaýan pagtaçy daýhanlaryň gözleri Gün şöhlesine öwşün atýan ak hanalara düşende, ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly bolýar. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýýän türkmen ilkinji açylan hanalary maňlaýyna sylyp, keremli Alladan bereket dileýär. Hawa, bu ýyl hem pagtaçy daýhanyň çeken zähmetiniň ýerine düşjekdigi eýýämden belli boldy. Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň pagtaçylary gowaçalara idegi ýygym möwsümine taýýarlyk işleri bilen utgaşdyrýarlar. Bol hasyl ýetişdirmegiň ähli syrlaryny kemsiz ele alan pagtaçy daýhanlaryň uly toparyny özünde jemleýän bu hojalyk etrapda öňdebaryjylaryň biridir. Şonuň üçin-de, biz hojalygyň tejribeli daýhanlarynyň biri Atamyrat Atanyýazowyň kärende ýerine ýörite bardyk. Jemi 6 gektara barabar ýerde idegi kemsiz ýetirilen gowaçany gördük. Her düýpdäki 24 — 28 gozanyň 2-3-si eýýäm açylypdyr.

Möhüm möwsüm

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Nowruz» we «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanalarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Etrabyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň garamagyndaky pagta kabul ediş harmanhanalarynyň we olardaky pagta ölçeýji terezileriň 11-si, pagta harmanlaryny beýgeldiji enjamlaryň 38-si talabalaýyk abatlandy. Olar öňümizdäki möhüm möwsümde pagta kabul etmäge birkemsiz taýýar edildi. Kärhanalaryň garamagyndaky ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalaryna daşamak üçin ulanyljak tehnikalaryň: traktorlaryň 57-siniň, tirkegleriň 177-siniň, ýük awtoulaglarynyň 8-siniň guratlygy doly gözden geçirildi.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Öňümizde duran jogapkärli möwsüm — pagta ýygymyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehnikalara tehniki taýdan hyzmat edýän kärhanalarynda pagta ýygýan kombaýnlary we gaýry tehniki serişdeleri birlaý gözden geçirip, taýýarlyk hataryna çykarsalar, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň işgärleri-de pagta hasylyny gaýtadan işlejek zawodlary we hasyly kabul edýän harmanhanalary möwsüme taýýarlamakda tutumly işleri durmuşa geçirýärler. Önümçilik birleşiginiň welaýatdaky 9 sany pagta arassalaýjy kärhanasynda çig maly işleýän tehnikalaryň we tehnologiýalaryň, enjamlaryň ählisi doly gözden geçirilip, möwsüme taýýarlanylýar. Welaýatyň çägindäki pagta hasylyny kabul etjek harmanhanalaryň 35-sinde taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şol ýerdäki gowaça hasylyny harmanlara çykarýan tehniki serişdeler ilik-düwme gözden geçirilýär. Barlaghana bölümindäki ähli serişdeler we hasylyň agramyny çekjek ýük terezileri ykjam barlanylýar. Harmanlary örtmäge niýetlenilen örtgülerdir gaýry serişdeler hem taýýarlanylýar. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilýär.

Gudrat nary

Momordika ýa-da türki halklaryň dilinde «gudrat nary» diýilýän dermanlyk ösümlik ýurdumyzda synag edilýär. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärleri watany Hindistanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň tropik ýerleri bolan bu ösümligi ösdürmekde ilkinji netijeleri gazandylar. Gudrat naryny açyk ýerde hem-de ýyladyşhanada ýetişdirmek bolýar. Iň gowusy, ony bukurak, ýokary çygly, ýelden sowarak ýerlerde ekmeli. Açyk ýerde ekilende, ol günortan kölege düşýän güneşli ýerleri halaýar. Ýöne kölegede ösüşi pes bolup, miwe bermeýär. Hasyly ir ýetişdirmek üçin ony ilkibada ýyladyşhana şertlerinde, küýzejiklerde ösdürýärler. Howa durnukly ýylansoň, açyk meýdanlara geçirýärler. Ýyladyşhanada ekilende, açyk meýdandakydan 1,5-2 aý öň miweläp ugraýar. Bu ekin ýetişdirilende, esasy talaplaryň biri — onuň tohumyny dogry ösdürmek. Tohum gabygynyň dykyzlygy sebäpli deslapky taýýarlyk geçmeseň, gögerijiligi pes bolýar.

Almalar hasyla durdy

Özüniň bag-bakjasy bilen irki döwürlerden bäri şöhratlanyp gelýän Lebap topragy Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da ösdi, özgerdi. Süýji suwuň kenary bolansoň, bu sebitde bag oturtmak işi mydama-da üns merkezinde. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekişine Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri-de uludan-kiçä, bir adam ýaly bolup gatnaşýarlar. Ýazda we güýzde geçirilýän şeýle çäreler welaýatyň keşbini bütinleý özgerdýär. Bu işe telekeçileriň goşulmagy bilen bagy-bossanlygy döretmekde täze-täze tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylyp başlandy. «Ýunus daýhan» daýhan hojalygynyň Gyzylgum sähralygynda döreden bagy-da hut şeýle tehnologiýalara esaslanýar. Häzirki wagtda welaýat boýunça telekeçileriň 50-ä golaýyna bag döretmek üçin ýer bölekleri bölünip berildi. Kerki etrabynda eýýäm 4 gektar ýerde ýyladyşhana gurup, pomidor ýetişdirmek işini alyp barýan telekeçi Batyr Rozyýewe hem ýene şonça ýer bölünip berildi. Mydama öz işinde öňdebaryjy tejribä daýanýan işewür ýigit howlukmady. Ol ilkibaşda özüne berlen ýeriň topragynyň düzümini, ýerasty suwuň duzlulyk derejesini öwrendi. Alnan maglumatlary ýörite hünärmenler bilen ara alyp maslahatlaşdy. Olaryň beren her bir maslahatynyň esasynda işe girişdi. Ilki ýerli dökünler, soňra fosfor, kaliý ýaly mineral dökünler bilen topragy kemsiz gurplandyrdy. Amyderýanyň mele su

Tejribeli mugallym, ussat bakjaçy

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherini aralap geçýän uly ýol ep-esli menzilden soňra ikä bölünýär. Onuň çepe öwrülýän ýerinden Boldumsaz etrabynyň Baýdak geňeşliginiň obalary başlanýar. Hatar oturan bu obalaryň uzaboýuny syryp gidýän gawun-garpyzly atyzlar, gök önümli biýaralar, dessemmil miweli baglar gadyr-gymmatyna taý gelmejek topragyň egsilmez hazynasynyň bereket nyşany bolup, göwün guşuňy ganatlandyrýar. Etrabyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Geldibaý Sarmanow dürli görnüşli gök-bakja ekinlerini ýetişdirmegiň göreldesini görkezýän, halal zähmeti bilen ýerden bol hasyl alýan ussatlaryň biri hasaplanýar. Ol şu ýyl 1 gektara barabar kärende ýerine kädiniň welaýata mahsus görnüşlerini ekdi. Zemine çekilen keşde mysaly, alys gözýetime uzap gidýän hatar-hatar keşlerde datly nygmatyň bitginli hasyly kemala gelýär. — Kädi ekmegiň özboluşly aýratynlygy bar — diýip, daýhan giň meýdany nazarlap duran ýerinden pessaý dillenýär: — Şu ýyl irbahardan ýeri oňat taýýarlap ugradyk. Sürüm, tekizleýiş işlerini öz wagtynda geçirdik. Suw tutup, mazaly taba getirdik. Tomsuň ilkinji aýynda ýere tohum atdyk. Kädini ir ekseň, onuň pazyly ýatyp galýar, oňly baýnamaýar. Sebäp, kädi güýze deňeç toprakdan güýç alyp, howa salkynlaşyp ugransoň, has şirin, süýji bolup ýetişýär. Görnüşlerine görä, ýerini saýlap ekdik. Palaw kädi, bal kädi, aş kädi ýaly görnüşleriň

Gadymy topragyň täze keşbi

Arkadag şäheri Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň, egsilmez yhlasynyň miwesidir. Bu ýerde oba hojalyk pudagynyň edaralarynyň hem bolmagy pudagy ylmy esasda ösdürmeklige uly üns beriljekdiginden nyşandyr. Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ýer serişdeleri, suw hojalygy baradaky müdirlikler we Döwlet weterinariýa gullugy bar. Köpetdagyň etegi gadymyýetden bäri şirinligi bilen dünýäde belli üzümleriň watanydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde Arkadag şäheriniň golaýynda üzümleriň birnäçe görnüşleri we alma nahallary oturdyldy. Geljekde hem Arkadag şäheriniň sebitinde bu işleriň döwrebap we talabalaýyk alnyp barylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirjek bu oba hojalyk edaralarynyň ähmiýeti uly bolar.

Bereketli toprak belent işlere beslenýär

Şu ýylyň 24-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna çuňňur seljerme berildi. Maslahatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň depgini öňküsinden güýçlendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynda pagtaçylar 130 müň gektar meýdandan «ak altynyň» 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Şeýle-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda hem sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar durmuşa geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.

Ikinji ekin — haýyrly ekin

Welaýatymyzda ýerden ýylyň dowamynda iki-üç hasyl ýygnaýan daýhanlar az däl. Şolaryň biri-de Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň 6-njy kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Silap Abdyýewdir. Silabyň daýhançylyga baş goşanyna bary-ýogy dört ýyl bolupdyr. Muňa garamazdan onuň eýýäm tejribesi ýetipdir. Hojalykda daýhan ýigidiň 10 gektar kärende ýeri bar. Ol ýere ekin dolanyşygy esasynda gowaçadyr bugdaý ekip, ekinleriň iki görnüşinden hem ýokary hasyl alyp gelýär.

«Tiz hyzmat» gelinkömelekleri ýetişdirýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda telekeçilik pudagyny ösdürmekde, hususyýetçileri döwlet tarapyndan goldamakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda senagat harytlary bilen bir hatarda bäsleşige ukyply, daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutjak ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiliginiň artmagyna-da giň ýol açýar. Ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döredýär. Özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, işlerini döwrebap derejede ýola goýan hususy önümçilikleriň sany welaýatymyzda ýylsaýyn artýar. Birnäçe ýyldan bäri ak bazarlarymyzy gelinkömelekleri bilen üpjün edip gelýän Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy hem şolaryň biridir. Bu hususy kärhana 2015-nji ýylda döredilip, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda importyň ornuny tutmak boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. «Tiz hyzmatyň» esasy işi il arasynda ösen islegden peýdalanýan gelinkömeleklerini ösdürip ýetişdirmekden we gaplamakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, kärhanada topragy gurplandyrmak we ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň, miweleriň, gawunlaryňdyr beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, hilini has-da ýokarlandyrmak üçin bugdaý samanyna esaslanýan organiki biokompost dökünleri öndürilýär

Bereket bulagy

Halkymyzyda guýy gazmak, köpri gurmak, ýol çekmek, bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Arkama-arka aýlanyp, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýeten bu ýörelgelere häzirki wagtda hem berk eýerilýär. Sahawatly topragymyza yhlasyny siňdirip, ekin ekip, miweli baglary ýetişdirýän, ondan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlary, bagbanlary göreniňde, olara bolan guwanjyň artýar. Çünki olaryň maňlaý deri, yhlasy siňen baglaryndan önýän datly miweler berekedi buşlaýar. Bu nygmatlar ak bazarlarymyzda elýeterli bahalardan ilata hödürlenilip, desterhanlarymyza dolýar. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşantdyr. Şeýle döwletli işleriň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň türkmen daýhanlaryna ýerden bol hasyl almaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri durýar. Il-ýurt bähbitli işlere özüniň mynasyp goşandyny goşýan Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň Çarbagdepe obasynyň ýaşaýjysy Rüsdem Döwletow 1991-nji ýyldan bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýär. Bagbanyň iki gektar ýerinde miweli daragtlaryň alça, şetdaly, garaly, alma, erik, armyt, behi ýaly görnüşleri we üzüm bar. Olaryň ählisi hem ýylyň-ýylyna bol hasyl getirýär. Hatar aralary üç metrden az bolmadyk bu baglaryň her düýbüniň ideginiň kemsiz ýetirilýändigine dessine nazaryň düşýär. Ussat bagbanlaryň aýtmaklaryna görä, baglaram edil adamlar ýaly daşky keşbiniň hem gözel bolmagyny isleý

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

ILERI TUTULÝAN MÖHÜM PUDAK Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän beýik işler her bir ynsany buýsandyrýar. Aslynda, döwletimiziň alyp barýan ähli işleri adamlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrundaky alada gönükdirilendir. Biz muny her bir ädimde, her işde duýýarys.

Bugdaý ekişi — möhüm çäre

Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary bereketli bugdaý hasylyny kemala getirmekde güýzki ekiş möwsüminiň talabalaýyk, ýokary derejede geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyna, munuň üçin bolsa oňa hemmetaraplaýyn taýýarlykly barylmagynyň örän derwaýysdygyna köpýyllyk tejribeleriniň esasynda oňat göz ýetirmek bilen, häzirki günlerde bu ugurdaky işleri barha ýaýbaňlandyrýarlar. Şeýlelikde, olar özlerine berkidilen meýdanlarda sürüm, tekizleme çärelerini öz wagtynda amala aşyryp, suw tutmaklyga hem uly üns berýärler. Şonuň netijesinde, golaýlaşyp gelýän möwsümde öňde goýlan wezipelere üstünlikli hötde gelinmegine oňaýly şertler döredilýär. Şeýle zerur işleri guramaçylykly alyp barmakda Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň hem ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň, kärendeçileriň, mehanizatorlaryň agzybirligi, ýadawsyzlygy arkaly geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň düýbüni ykjam tutmakda düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandygyny aňladýar.

Ussat daýhanyň yhlasy

Eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler hem ajaýyp miwelerini bolluk bilen eçilýär. Muňa halal zähmeti bilen ene ýerden zer öndürmegi başarýan daýhanlaryň gazanýan üstünliklerine nazar aýlanyňda-da, magat göz ýetirmek bolýar. Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hemra Atamyradow hem daýhançylykdan rysgal-bereket tapýar. Ol bugdaýdyr pagtadan bol hasyl almak bilen birlikde, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmegiň ussullaryny hem kemsiz öwrendi.

Ene ýerden rysgal tapdym

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda çeken zähmetiň hözirini görüp ýaşamak şu ajaýyp zamana bolan söýgiňi, işiňe bolan yhlasyňy has-da artdyrýar. Döwletli-döwranly eziz Diýarymyzda toprakdan bol hasyl alyp, hormatly Prezidentimizi, bagtyýar halkymyzy begendirmek örän buýsançly duýgulary peşgeş berýär. Men Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginde 15 ýyl bäri zähmet çekip gelýärin hem-de ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamamy artygy bilen berjaý etmek üçin yhlasymy gaýgyramok.

Mekgejöwen hasyly ýetişdirilýär

Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer kärendeçileridir mülkdarlary diňe gowaça, bugdaý ekinlerini däl, eýsem, gök-bakja, kösükli we däneli ösümlikleri hem ösdürip ýetişdirýärler. Etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň çäginde 3 gektar ýerde mülkdar Gurbanmyrat Ýazmyradow hem ýigrimi ýyldan bäri däneli, kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirip, bol hasyl öndürmegiň hötdesinden gelýär. Munuň özi mülkdaryň daýhançylykda baý iş tejribe toplandygyny görkezýär. Ýakynda biz mülkdar bilen iş üstünde duşuşdyk. Mülkdar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mülk ýerine mekgejöwen ekip, onuň idegini kemsiz berjaý edýär. Boýy ýeten mekgejöwenleri synlanyňda, mülkdaryň çekýän päk zähmetiniň kemsiz ýerine düşýändigine diýseň begenýärsiň. — Şu oba hojalyk ýylynda mülk ýerime mekgejöweniň biziň toprak-howa şertlerimize oňat uýgunlaşan görnüşini ekip, bol hasyl öndürmek ugrunda aladalanýarys. Mekgejöwen 150 günde ýetişýär. Biziň eken mekgejöwen ekinimize 90 gün töweregi boldy. Görşüňiz ýaly, mekgejöwenlerimiz bol hasyl toplaýar. Wagtynda ekiş, otag-ýekeleme, bejergi işlerini, zyýanberijilerden goramak ýaly agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegi netijesinde ekinden bol hasyl alynýar. Biz hem eken mekgejöwenlerimizi wagtynda haşal otlardan arassalap, ýekeleme işini geçirdik, üç sapar ösüş suwuny tutduk, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirdik, zyýanberijilere garşy pugta göreş ç