Sazlaşykly tagallalar

15 Awgust 2023
501

Gökdepe etrabynda güýzlük däne ekişiniň taýýarlyk işlerine uly üns berilýär. Sürüm, tekizleýiş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilip, ýerler geljek ýylyň hasyly üçin däne ekişine birkemsiz taýýarlanylýar.

Meýdan işlerinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary tutanýerli zähmet çekýärler. Olar özleriniň erk edýän traktorlaryny saz işledýärler. Agzalan kärhananyň abatlaýjy ussalary bolsa, tehnikalary öňdäki möwsüme — güýzlük däne ekişine taýýarlyk hatarynda goýmakda guwandyryjy işleri alyp barýarlar.

Maral AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hünärmeni.