Gudrat nary

11 Awgust 2023
475

Momordika ýa-da türki halklaryň dilinde «gudrat nary» diýilýän dermanlyk ösümlik ýurdumyzda synag edilýär. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärleri watany Hindistanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň tropik ýerleri bolan bu ösümligi ösdürmekde ilkinji netijeleri gazandylar. Gudrat naryny açyk ýerde hem-de ýyladyşhanada ýetişdirmek bolýar. Iň gowusy, ony bukurak, ýokary çygly, ýelden sowarak ýerlerde ekmeli. Açyk ýerde ekilende, ol günortan kölege düşýän güneşli ýerleri halaýar. Ýöne kölegede ösüşi pes bolup, miwe bermeýär.

Hasyly ir ýetişdirmek üçin ony ilkibada ýyladyşhana şertlerinde, küýzejiklerde ösdürýärler. Howa durnukly ýylansoň, açyk meýdanlara geçirýärler. Ýyladyşhanada ekilende, açyk meýdandakydan 1,5-2 aý öň miweläp ugraýar. Bu ekin ýetişdirilende, esasy talaplaryň biri — onuň tohumyny dogry ösdürmek. Tohum gabygynyň dykyzlygy sebäpli deslapky taýýarlyk geçmeseň, gögerijiligi pes bolýar.

Enebaý AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri.