Bugdaý ekişi — möhüm çäre

9 Awgust 2023
436

Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary bereketli bugdaý hasylyny kemala getirmekde güýzki ekiş möwsüminiň talabalaýyk, ýokary derejede geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyna, munuň üçin bolsa oňa hemmetaraplaýyn taýýarlykly barylmagynyň örän derwaýysdygyna köpýyllyk tejribeleriniň esasynda oňat göz ýetirmek bilen, häzirki günlerde bu ugurdaky işleri barha ýaýbaňlandyrýarlar. Şeýlelikde, olar özlerine berkidilen meýdanlarda sürüm, tekizleme çärelerini öz wagtynda amala aşyryp, suw tutmaklyga hem uly üns berýärler. Şonuň netijesinde, golaýlaşyp gelýän möwsümde öňde goýlan wezipelere üstünlikli hötde gelinmegine oňaýly şertler döredilýär.

Şeýle zerur işleri guramaçylykly alyp barmakda Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň hem ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň, kärendeçileriň, mehanizatorlaryň agzybirligi, ýadawsyzlygy arkaly geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň düýbüni ykjam tutmakda düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandygyny aňladýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».