Ene ýerden rysgal tapdym

9 Awgust 2023
424

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda çeken zähmetiň hözirini görüp ýaşamak şu ajaýyp zamana bolan söýgiňi, işiňe bolan yhlasyňy has-da artdyrýar. Döwletli-döwranly eziz Diýarymyzda toprakdan bol hasyl alyp, hormatly Prezidentimizi, bagtyýar halkymyzy begendirmek örän buýsançly duýgulary peşgeş berýär.

Men Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginde 15 ýyl bäri zähmet çekip gelýärin hem-de ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamamy artygy bilen berjaý etmek üçin yhlasymy gaýgyramok.

Sapargeldi Geldiýew,
Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi.