«Tiz hyzmat» gelinkömelekleri ýetişdirýär

9 Awgust 2023
487

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda telekeçilik pudagyny ösdürmekde, hususyýetçileri döwlet tarapyndan goldamakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda senagat harytlary bilen bir hatarda bäsleşige ukyply, daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutjak ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiliginiň artmagyna-da giň ýol açýar. Ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döredýär.

Özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, işlerini döwrebap derejede ýola goýan hususy önümçilikleriň sany welaýatymyzda ýylsaýyn artýar. Birnäçe ýyldan bäri ak bazarlarymyzy gelinkömelekleri bilen üpjün edip gelýän Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy hem şolaryň biridir. Bu hususy kärhana 2015-nji ýylda döredilip, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda importyň ornuny tutmak boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. «Tiz hyzmatyň» esasy işi il arasynda ösen islegden peýdalanýan gelinkömeleklerini ösdürip ýetişdirmekden we gaplamakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, kärhanada topragy gurplandyrmak we ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň, miweleriň, gawunlaryňdyr beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, hilini has-da ýokarlandyrmak üçin bugdaý samanyna esaslanýan organiki biokompost dökünleri öndürilýär.

Ata NYÝAZOW.