Gadymy topragyň täze keşbi

9 Awgust 2023
347

Arkadag şäheri Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň, egsilmez yhlasynyň miwesidir. Bu ýerde oba hojalyk pudagynyň edaralarynyň hem bolmagy pudagy ylmy esasda ösdürmeklige uly üns beriljekdiginden nyşandyr. Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ýer serişdeleri, suw hojalygy baradaky müdirlikler we Döwlet weterinariýa gullugy bar.

Köpetdagyň etegi gadymyýetden bäri şirinligi bilen dünýäde belli üzümleriň watanydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde Arkadag şäheriniň golaýynda üzümleriň birnäçe görnüşleri we alma nahallary oturdyldy. Geljekde hem Arkadag şäheriniň sebitinde bu işleriň döwrebap we talabalaýyk alnyp barylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirjek bu oba hojalyk edaralarynyň ähmiýeti uly bolar.

Akmämmet AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.