Ak hanalar köpelýär

12 Awgust 2023
395

Awgust aýynyň diňe bir hasyla hasyl goşýan aý bolman, eýsem, ak patrak ýaly bolup açylýan ak hanalaryň gün-günden köpelýän aýydygyny-da daýhanlar subut etdiler. Her täze güni atyzda garşylaýan pagtaçy daýhanlaryň gözleri Gün şöhlesine öwşün atýan ak hanalara düşende, ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly bolýar.

«Ak zat alnyňa ýagşy» diýýän türkmen ilkinji açylan hanalary maňlaýyna sylyp, keremli Alladan bereket dileýär. Hawa, bu ýyl hem pagtaçy daýhanyň çeken zähmetiniň ýerine düşjekdigi eýýämden belli boldy. Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň pagtaçylary gowaçalara idegi ýygym möwsümine taýýarlyk işleri bilen utgaşdyrýarlar. Bol hasyl ýetişdirmegiň ähli syrlaryny kemsiz ele alan pagtaçy daýhanlaryň uly toparyny özünde jemleýän bu hojalyk etrapda öňdebaryjylaryň biridir. Şonuň üçin-de, biz hojalygyň tejribeli daýhanlarynyň biri Atamyrat Atanyýazowyň kärende ýerine ýörite bardyk. Jemi 6 gektara barabar ýerde idegi kemsiz ýetirilen gowaçany gördük. Her düýpdäki 24 — 28 gozanyň 2-3-si eýýäm açylypdyr.

(Öz habarçymyz).