Almalar hasyla durdy

11 Awgust 2023
653

Özüniň bag-bakjasy bilen irki döwürlerden bäri şöhratlanyp gelýän Lebap topragy Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da ösdi, özgerdi. Süýji suwuň kenary bolansoň, bu sebitde bag oturtmak işi mydama-da üns merkezinde. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekişine Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri-de uludan-kiçä, bir adam ýaly bolup gatnaşýarlar. Ýazda we güýzde geçirilýän şeýle çäreler welaýatyň keşbini bütinleý özgerdýär. Bu işe telekeçileriň goşulmagy bilen bagy-bossanlygy döretmekde täze-täze tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylyp başlandy. «Ýunus daýhan» daýhan hojalygynyň Gyzylgum sähralygynda döreden bagy-da hut şeýle tehnologiýalara esaslanýar. Häzirki wagtda welaýat boýunça telekeçileriň 50-ä golaýyna bag döretmek üçin ýer bölekleri bölünip berildi.

Kerki etrabynda eýýäm 4 gektar ýerde ýyladyşhana gurup, pomidor ýetişdirmek işini alyp barýan telekeçi Batyr Rozyýewe hem ýene şonça ýer bölünip berildi. Mydama öz işinde öňdebaryjy tejribä daýanýan işewür ýigit howlukmady. Ol ilkibaşda özüne berlen ýeriň topragynyň düzümini, ýerasty suwuň duzlulyk derejesini öwrendi. Alnan maglumatlary ýörite hünärmenler bilen ara alyp maslahatlaşdy. Olaryň beren her bir maslahatynyň esasynda işe girişdi. Ilki ýerli dökünler, soňra fosfor, kaliý ýaly mineral dökünler bilen topragy kemsiz gurplandyrdy. Amyderýanyň mele suwundan ýerleri gandyrdy. Çaýyr, gamyş, suwoty ýaly haşal otlardan arassalady. Şundan soň ol ýene-de toprak bilen iş salyşýan hünärmenler bilen maslahatlaşyp, haýsy miweli daragta topragyň häzirki düzüminiň laýyk gelýändigini anyklady. Oňa alma bagyny döretmegi maslahat berdiler. Işjanly ýigit munuň üçin goňşy Özbegistan döwletinden «Semirenko» diýilýän alma sortunyň nahallaryny getirdi...

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).