Bereketli toprak belent işlere beslenýär

9 Awgust 2023
485

Şu ýylyň 24-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna çuňňur seljerme berildi. Maslahatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň depgini öňküsinden güýçlendi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynda pagtaçylar 130 müň gektar meýdandan «ak altynyň» 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Şeýle-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda hem sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar durmuşa geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.