Mekgejöwen hasyly ýetişdirilýär

8 Awgust 2023
460

Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer kärendeçileridir mülkdarlary diňe gowaça, bugdaý ekinlerini däl, eýsem, gök-bakja, kösükli we däneli ösümlikleri hem ösdürip ýetişdirýärler. Etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň çäginde 3 gektar ýerde mülkdar Gurbanmyrat Ýazmyradow hem ýigrimi ýyldan bäri däneli, kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirip, bol hasyl öndürmegiň hötdesinden gelýär. Munuň özi mülkdaryň daýhançylykda baý iş tejribe toplandygyny görkezýär. Ýakynda biz mülkdar bilen iş üstünde duşuşdyk. Mülkdar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mülk ýerine mekgejöwen ekip, onuň idegini kemsiz berjaý edýär. Boýy ýeten mekgejöwenleri synlanyňda, mülkdaryň çekýän päk zähmetiniň kemsiz ýerine düşýändigine diýseň begenýärsiň.

— Şu oba hojalyk ýylynda mülk ýerime mekgejöweniň biziň toprak-howa şertlerimize oňat uýgunlaşan görnüşini ekip, bol hasyl öndürmek ugrunda aladalanýarys. Mekgejöwen 150 günde ýetişýär. Biziň eken mekgejöwen ekinimize 90 gün töweregi boldy. Görşüňiz ýaly, mekgejöwenlerimiz bol hasyl toplaýar. Wagtynda ekiş, otag-ýekeleme, bejergi işlerini, zyýanberijilerden goramak ýaly agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegi netijesinde ekinden bol hasyl alynýar. Biz hem eken mekgejöwenlerimizi wagtynda haşal otlardan arassalap, ýekeleme işini geçirdik, üç sapar ösüş suwuny tutduk, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirdik, zyýanberijilere garşy pugta göreş çärelerini alyp bardyk. Ýene-de sanlyja günlerden mekgejöweniň bol hasylyny ýygnap alarys. Bu bolsa ilatymyzyň bu önüme bolan islegini kanagatlandyrmaga goşant bolar. Biz — mülkdarlara, kärendeçi daýhanlara işlemegimiz, halal zähmetiň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.