Üzüm — bazarly önüm

15 Awgust 2023
353

Ak şäherimiz Aşgabatdan Gökdepä sary ugrasaň, uly gatnawly ýoluň iki gapdalyny tutup duran, giň meýdanlary bezäp oturan üzümçiliklere gözüň düşýär. Toý saçaklarymyzyň bezegi bolan ir-iýmişleriň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan, tagamy datly, göze ýakymly bu üzümler zähmetsöýer bagbanlarymyzyň alyn deri, arly ýylky çekýän yhlasly zähmeti, ene topraga siňdirýän mähir-muhabbeti netijesinde kemala gelýär.

Gökdepe etrabynda tagamy datly şirin-şeker üzümleri ösdürip ýetişdirmekde ussatlyga ýetişen üzümçiler barmak basyp sanardan juda köp. Etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Daýançgeldi Garajaýew hem şeýle ussatlaryň biri. Indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri baldan datly üzümleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýän üzümçi ýigit şu ýyl hem 4 gektardan gowrak kärende ýerinde üzümiň bereketli hasylyny ýetişdirdi.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.