"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gandym, hakykatdan hem, gamgynmyka?!

Ýurdumyzyň tebigatynyň täsin ösümlik görnüşleriniň biri-de, ýabany ösüp ýetişýän gamgyn gandymdyr (latynça,Calligonum triste). Kyrkbogunlylar (latynça, Polygonaceae) maşgalasyndan bolan, henize çenli ylmy taýdan doly derejede öwrenilmedik, ýurdumyzyň käbir ýerlerinde ösüp ýetişýän bu endemik ösümligiň adynyň öňüne «gamgyn» sözüniň goşulmagy onuň daşky görnüşi bilen gönüden-göni baglydyr. Çünki her ýyl bahar aýynda täze şahalar ösüp gülleýär. Geçen ýyllardan galan şahalara hiç hili ýaprak çykmansoň, olar ýere tarap eglip, gamgyn halda oturan ýaly bolup görünýärler. Şoňa görä-de, il içinde bu çöl agajy «gamgyn gandym» diýlip atlandyrylýar. Bu görnüş Türkmenistanyň çäginde Kiçi Balkan dagynyň günorta-günbatarynda Gumdag şäherçesiniň töwereginde, şeýle hem Demirgazyk Aralýaka sebitlerine golaý bolan Termenbes dagynda we Gazagystanyň sazakly sebitlerine golaý bolan kiçeňräk ýerlerde duş gelýär. Gamgyn gandym uzynlygy 50 – 80 santimetr töweregi bolan gyrymsy agaçdyr. Onuň agaçlaşan açyk sarymtyl ýa-da çal reňkli baldagy bolýar. Ýaşyl reňkli iňňä meňzeş pürli ýapraklary bolsa birnäçe bogunlardan ybarat. Bu ösümligiň ak reňkli güljagazlary bolup, olar uzynlygy 1 – 2 millimetr bolan gül sapagyna birleşendirler. Miwesi süýri şekilli bolup, güýçli towlanan görnüşli gasynlardan ybarat. Bu agajyň miwesi «hozjagaz» diýlip atlandyrylýar we onuň üstki gatlagy 2 hatarlaýyn ýerleşen seýrek tüý

Jogapkärli möwsüm dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Wekilbazar etrabynyň gowaça ekilen meýdanlarynda hem pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda etrabyň pagtaçy kärendeçileri ýetişdiren bereketli hasylyny wagtynda ýitgisiz ýygnap, döwlet harmanyna bol hasyl tabşyrmagy maksat edinip, uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Şu jogapkärli möwsümiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň agzybir işgärleri etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekýän kärendeçileri, ýygymçylary ruhlandyrmak maksady bilen, dabaraly duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Golaýda etrabyň «Türkmenistan», «Bereket», «Mekan» daýhan birleşiklerinde ýygymçylaryň arasynda dabaraly duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ýygymçylaryň arasynda öňdebaryjylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu bolsa pagtaçy babadaýhanlary uly ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge has-da ruhlandyrdy.

Gowaçaly atyzlaryň berekedi

Şu günler bereket çogýan meýdanlar — aňyrsyna göz ýetmeýän gowaçaly atyzlar durşuna ak dona bürenip oturan ýaly. Şu gün-erte pagtasy maşyn bilen ýygyljak atyzlary synlanyňda, gözüň dokunýar. Şeýle bereketli hasyl Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginde-de ýetişdirilipdir. Bu hojalyk şu ýyl müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan 3100 tonna pagta ýygnamagy maksat edinýär. Ekilen gowaçanyň ählisi-de «Ýolöten — 39» görnüşli sortuň 1-nji arkasy bolup, ol tohumlyk üçin niýetlenendir. Şeýle bolansoň, tohumlyk gowaçany ekmek işi-de tejribeli daýhanlara ynanylypdyr. Hojalygyň 11-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Gülbahar Döwletowa hem şeýle daýhanlaryň biri. Indi on ýyldan gowrak wagt bäri 11 gektar meýdana eýeçilik edýän bu zenan maşgala agzalary bilen birlikde, ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Bugdaý bilen ekin dolanyşygyny ýola goýan kärendeçi garaşyk edýän ýerine yhlas baryny siňdirýär. Gülbaharyň gyzlary Aýjahan, Dolanaý, Mamajan dagy hem daýhançylygyň tilsimlerini ele alypdyr. Şondan bolsa gerek, bu maşgala öz ýetişdiren gowaçasynyň her gektarynyň birinji ýygymyndan 23 sentner, ikinji ýygymyndan hem 22 sentner pagta ýygnaýar. Kärendeçi ýene-de 15 sentner hasyl alyp, umumy hasyllylygy 60 sentnere ýetirmek hyjuwy bilen zähmet çekýär. Biz daýhan zenan Gülbahar Döwletowadan şeýle ýokary netije gazanmagynyň syry hakda soradyk. Şonda ol:

Şaly oragy dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynyň bol hasylly ekin meýdanlarynda şaly oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu möhüm möwsümi bellenilen möhletde guramaçylykly geçirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça welaýatda ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Demirgazyk sebitiň degişli düzümleriniň sazlaşykly işi, kuwwatly kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi netijesinde, şaly oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Ýokumlylygy hem şireliligi taýdan aýratyn tapawutlanýan daşoguz tüwüsi, esasan, welaýatyň Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynda öndürilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa, 3350 gektar ýerden 14 500 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bu daýhan birleşiklerinde kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşyldy. Täze hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin kombaýnlaryň 100-den gowragy bökdençsiz işledilýär.

Bagban bagyndan belli

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada öňe süren ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzir ýurdumyzyň sebitlerinde saýaly hem-de dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirýän tejribeli bagbanlaryň hatary barha artýar. Mary welaýatynda-da baglarynda şekerden şirin, baldan datly miwe hasyllaryny ýetişdirip, ak bazarlarymyzda önüm bolçulygynyň döredilmegine goşant goşýan bagbanlaryň sany barmak büküp sanardan kän. Ýolöten etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Apbas Alyýew hem şolaryň biri. Topragyň «diline» düşünýän bu ýaşulyny kärendesine alan ýerinde ýylyň-ýylyna diňe bir bugdaýyň, pagtanyň bol hasylyny öndürýän tejribeli kärendeçi däl, eýsem, ussat bagban hökmünde-de welaýatda köpler tanaýarlar.

Azyk bol­çu­ly­gy - döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň mi­ze­mez sütüni

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynda-da oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, boz ýatan tarp ýerleri özleşdirmekde, ekinleriň idegi döwründe hem-de hasyl ýygymynda innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda uly ösüşlere eýe bolundy. Welaýatda geçen 32 ýylyň dowamynda pagtaçylyk, gallaçylyk, tohumçylyk, maldarçylyk pudaklaryny rowaçlandyrmakda, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde amala aşyrylan işleri seriňde aýlanyňda, bu ugurlarda taryhy ähmiýetli möhüm ädimleriň ädilendigine doly göz ýetirmek bolýar. Aýratyn hem, welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän tohumlarynyň täzeden-täze görnüşlerini döretmekde alymlarymyz tarapyndan bitirilen işler buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle gözlegli işleri welaýatyň gök-bakja önümlerini we datly miweleri ýetişdirýän ekerançy alymlary hem yzygiderli alyp bardylar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň uly aladalary netijesinde, welaýatyň bu pudaklary yzygiderli ösdürildi, tehnikalaryň, oba hojalyk gurallarynyň täzeden-täze tapgyrlary bilen tehniki üpjünçilik binýady barha berkedi. Häzirki döwürde bu ýerde welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän «John Deere», «CLAAS», «MTZ» hem-de «Belarus» kysymly traktorlary

“Ak altyn” — 2023

Jogapkärli möwsüm dowam edýär Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, şol sanda «ak altynly» meýdanlarda pagtany ýitgisiz ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şu jogapkärli möwsümiň dowam edýän günlerinde etrabymyzyň babadaýhanlaryny höweslendirmek boýunça duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

Öňdebaryjylar sylaglandy

«Ak altyndan» dag döredýän pagtaçylarymyzy ruhy taýdan goldamak, elbetde, ýygym möwsümine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin-de pagta meýdanlarynyň ussatlary şu günler uly aladalar bilen gurşaldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň günorta arakesme wagtynda edýän gyzykly çykyşlary olara özboluşly ruhy lezzet paýlaýar. Şeýle pursatlarda ýygymda öňe saýlanan ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň atlarynyň tutulyp, olara degişli sylag-serpaýlaryň gowşurylmagy has-da täsirli bolýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesi-de iň köp pagta ýygan ýygymçylaryň we kombaýnçylaryň arasynda ýörite meýilnama esasynda özara ýaryş yglan etdi. Bu ýaryşyň jemi her ongünlükde jemlenip, öňdebaryjylar höweslendirilip gelinýär. Ýakynda-da şeýle dabara guralyp, on günüň dowamynda bir tonnadan gowrak pagta ýygan ezber elli ýygymçylar Aýnabat Omarowa, Güneş Abdyllaýewa, Oguldursun Täjowa, Maýsa Berdiýewa daga ýörite sowgatlar gowşuryldy. Etrap boýunça iň köp pagta ýygan kombaýnçylar Seýran Hallyýew bilen Baýram Orunow hem öňdebaryjylar hökmünde sowgatlara eýe boldular. Dabara gatnaşyjylara meýdan düşelgesinde taýýarlanan türkmeniň milli tagamlary, dermanlyk otlardan taýýarlanan melhemlik çaýlar hödür edildi.

«Ak altynly» atyzlarda

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daýhanlary ýetişdirilen gowaça hasylyny bökdençsiz ýygnap almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Etrabyň 22 müň gektar ekin meýdanynda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdiren «ak altyn» ussatlary häzirki jogapkärli günleriň her bir sagadyndan netijeli peýdalanýarlar. Möwsümde tehniki hyzmat ediş toparlarynyň işiniň göwnejaý ýola goýulmagy, ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul edilmegi, pagtaçylaryň arasynda medeni-dynç alyş we höweslendiriş çäreleriniň yzygiderli guralmagy daýhanlary zähmet üstünligine ruhlandyrýar.

«Ak altyn» ussatlary höweslendirilýär

Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Çärjew etrabynda hem pagta ýygymy güýçli depginde dowam edýär. Etrap birleşmämiz möhüm oba hojalyk möwsüminde «ak altyn» ussatlarynyň armasyny ýetirmek işlerine ýakyndan gatnaşýar. Möwsümiň başyndan bäri öňdebaryjy mehanizatorlaryň we kärendeçileriň arasynda yglan edilen ongünlük bäsleşikleriň birnäçesi jemlenip, olaryň ýeňijilerine gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Tutuş möwsüm boýunça yglan edilen zähmet bäsleşigi hem dowam edýär.

Medeni hyzmat ýola goýulýar

Welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Meýdanlardan ýygnalan «ak altynyň» tonnalary pagta kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Bu ýerlerde günbe-günden beýgelýän pagta harmanlaryny synlanyňda gözüň dokunýar. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl welaýatymyzyň kärendeçi babadaýhanlary gowaçanyň sebitiň toprak-howa şertlerinde ozal synagdan geçirilen, köp hasyl berýän görnüşleriniň tohumlaryny ekip, olaryň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu jogapkärli möwsümiň dowamynda pagta ýygymyna gatnaşyjylaryň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary günortan arakesmesi döwründe pagtaçylara medeni hyzmat edýärler.

Ene ýerden rysgal tapan

Ata-babalarymyz: «Işleseň, il tanar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bu pähimiň özeninde durmuş hakykaty jemlenýär. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda zähmetde tapawutlanýan ildeşlerimiziň ýüzlerçesi hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Şu ýyl şeýle uly hormata mynasyp bolanlaryň arasynda ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýan Dänew etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Leýla Medetowa hem bar. Çekýän yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. — Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesini üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çekýän zähmetime beren ýokary bahasy göwnümi göterip, meni has-da netijeli işlemeklige ruhlandyrdy. Muňa begenjimiň çägi ýok. Bu döwlet sylagynyň mukaddes baýramymyza gabatlanylyp gowşurylmagy şatlygyma şatlyk, buýsanjyma buýsanç goşýar. Döwlet ýolbaşçymyz zähmet adamlaryna belent sarpa goýýar. Munuň şeýledigine öz durmuşymda aýdyň göz ýetirdim. Rysgymy, bagtymy ene ýer bilen baglanyşdyrandygym üçin ykbalymdan müň bir razy — diýip, Leýla Medetowa ýürek buýsanjyny beýan edýär.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary ýylyň-ýylyna aralyk ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, olardan ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Bu ýerde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem mäş, noýba, gawun-garpyz ýaly aralyk ekinleriň bol hasyly ýygnaldy. Daýhan birleşiginiň kärendeçisi Miwe Kullyýewa hem şu möwsümde özüne berkidilen 17 gektarlyk kärende ýerinden mäşdir noýbanyň bereketli hasylyny ýygnandygyny guwanç bilen gürrüň berdi. Ol maşgala agzalary bilen 2015-nji ýyldan bäri bugdaýdan boşan ýerlere noýba, mäş ekip, ondan ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Daýhan gelin üstümizdäki ýylda hem çeken zähmetiniň ýerine düşendigine begenýär.

Welaýatymyzda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Şu günki yhlas — ertirki bol hasyl Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden dabaralandyrylan şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda obasenagat toplumynyň çalt depginler bilen ösüşi barada aýtmak bilen: «Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary şu ýyl hem bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşdular» diýip belläp geçdi. Munuň özi gallaçy daýhanlaryň ekin meýdanlarynda çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigini aňladýar.

Pagta — 2023

Zähmet joşýar pellerde Pagta hasylynyň bir hanasyny hem isrip etmän, Watan harmanyna tabşyrmak işi şu günlerde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginde-de gyzgalaňly dowam edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pagta hasyly üçin daýhan birleşigi boýunça 613 gektar meýdanda iş alnyp barlypdyr. Şunda 1200 tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Kärendeçileriň öz ekin ýerlerinde bol hasyly kemala getirmek ugrundaky yhlasly aladalarynyň, çeken zähmetiniň ýerine düşendigini gozalara beslenip oturan gowaçalary synlanyňda-da duýmak bolýar. Ýer eýeleriniň, kärendeçileriň, olaryň kömekçileriniň yhlas siňdirip ýetişdiren pagta hasylyny ýygymçylaryň özara bäsleşip, agzybirlikde ýygmaklary bolsa olaryň her bir iş gününi ýokary netijeler bilen jemlemeklerine mümkinçilik berýär.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Hasylyň çykymy gowy Welaýatymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Tagtabazar etrabynyň “Marçak” daýhan birleşiginde hem pagta ýygymynyň depgini barha güýçlenýär. Kärendeçiler köpçülikleýin pagta ýygymyna girişdiler. Hojalyk boýunça üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “ak altyn” ussatlary meýilnama boýunça 1600 gektardan 4000 tonna ýokary hilli pagtany Watan harmanyna tabşyrmaly. Şu günler ruhubelent kärendeçiler ýetişdirilen hasyly çalt we doly ýygnap almak ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler.

Pagtaçylary höweslendirýäris

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň arly ýyl yhlas siňdirip ýetişdiren “ak altynyny” gysga wagtda we çalt ýygnap almak bu gün oba hojalygynda möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Gowaça meýdanlaryna görk goşup oturan “ak altynly” atyzlar daýhan zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir. Gymmatly baýlygy ýitgisiz ýygnamak bolsa, asylly işdir. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalarynyň uly topary oba zähmetkeşleridir, daýhanlardyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat, etrap komitetleriniň wekilleri häzirki gyzgalaňly we jogapkärli möwsümde daýhanlarymyzyň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip durýarlar, olary zähmet üstünligine ruhlandyrýarlar.

Atyzlarda zähmet joşguny

Daý­han maş­ga­la­syn­da ke­ma­la ge­len Je­mi­le bu gün hem he­mi­şe­ki en­di­gi­ne eýe­rip, ir bi­len kä­ren­de ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy. Ol ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da ha­tar tu­tup otu­ran go­wa­ça­ly meý­dan­la­ryň bir gy­ra­syn­da sak­lan­dy-da, tö­we­re­ge ser sal­dy. Patrak deýin açylan «ak altynlara» gözi düşen Jemile ýakymly ýatlamalara berildi. Ýaz gü­nü­niň ýu­waş­ja­dan öwüs­ýän ser­gin şe­ma­ly ja­na ýa­kym­ly bo­lup, go­wa­ça­la­ryň baş­la­ry­ny ça­la­ja yra­ýar­dy. Ka­da­ly gö­ge­riş ga­za­nyp, ha­tar tu­tup otu­ran go­wa­ça­lar ga­ryş bo­ýun­dan ge­çip­di. Ýe­ke­le­nip, ha­şal ot­lar­dan aras­sa­la­nan meý­dan­lar­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi meý­dan­la­ry has-da gör­ke ge­tir­ýär­di. Bu pur­sat­la­ry syn­lap du­ran daý­han ze­nan Je­mi­le Aky­ýe­wa gel­jek­ki edil­me­li iş­ler ba­ra­da pi­kir ýü­würd­ýär­di. Ol go­wa­ça­la­ryň ha­ta­ra­ra­syn­da keş ge­çir­mek bi­len bir ha­tar­da, goş­ma­ça iý­mit­len­dir­me­gi has mö­hüm ha­sap­la­dy. Go­wa­ça­ly meý­dan­la­ra aý­la­nyp çy­kyp, kä­ren­de­çi­lik to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy bi­len du­şu­şyp, onuň bi­len er­tir­ki gü­nüň iş-ala­da­sy hak­da mas­la­hat­laş­dy. Or­ta aty­lan tek­lip ma­kul­la­nyp, to­par ýol­baş­çy­sy hem bu işiň aý­ny wag­ty­dy­gy­na göz ýe­tir­di. Des­si­ne to­pa­ryň kä­ren­de­çi­le­ri­niň ekin meý­dan­la­ry­na tej­ri­be­li me­ha­ni­za­tor Dört­gu­ly Aky­ýe­wyň ug­

Taýýarlyk işleri ýokary

Bäherden etrabynyň maldarlary gyş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görýärler. Şu maksat bilen, mallaryň gyşladyljak ýerlerinde agyllaryň, kaşarlaryň, sygyr ýataklaryň abatlaýyş-bejeriş işlerini alyp barýarlar. Bu işde etrabyň Magtymguly adyndaky, Şaja Batyrow adyndaky, «Ýeňiş», «Mürçe» daýhan birleşikleriniň işjanly maldarlarynyň işleri görelde alarlykdyr. Agzalan daýhan birleşiklerinde zerur bolan ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak bilen, olary mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamakda hem mynasyp tagalla edilýär. Möwsümiň dowamynda daýhan birleşikleri tarapyndan çopan goşlaryna ýardamçy-kömekçileriň berilmegi ýagynly, ýagmyrly günlerde çopanlaryň işlerine uly kömek bolar. Bu bolsa, gyş möwsümine guramaçylykly girişmekde we ony üstünlikli alyp barmakda ähmiýetli bolar.

Işler sazlaşykly guralýar

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdiler.