Ene ýerden rysgal tapan

11 Oktýabr 2023
617

Ata-babalarymyz: «Işleseň, il tanar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bu pähimiň özeninde durmuş hakykaty jemlenýär. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda zähmetde tapawutlanýan ildeşlerimiziň ýüzlerçesi hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Şu ýyl şeýle uly hormata mynasyp bolanlaryň arasynda ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýan Dänew etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Leýla Medetowa hem bar. Çekýän yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy.

— Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesini üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çekýän zähmetime beren ýokary bahasy göwnümi göterip, meni has-da netijeli işlemeklige ruhlandyrdy. Muňa begenjimiň çägi ýok. Bu döwlet sylagynyň mukaddes baýramymyza gabatlanylyp gowşurylmagy şatlygyma şatlyk, buýsanjyma buýsanç goşýar. Döwlet ýolbaşçymyz zähmet adamlaryna belent sarpa goýýar. Munuň şeýledigine öz durmuşymda aýdyň göz ýetirdim. Rysgymy, bagtymy ene ýer bilen baglanyşdyrandygym üçin ykbalymdan müň bir razy — diýip, Leýla Medetowa ýürek buýsanjyny beýan edýär.

Döwlet JUMADURDYÝEW.