Pagta — 2023

11 Oktýabr 2023
733

Zähmet joşýar pellerde

Pagta hasylynyň bir hanasyny hem isrip etmän, Watan harmanyna tabşyrmak işi şu günlerde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginde-de gyzgalaňly dowam edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pagta hasyly üçin daýhan birleşigi boýunça 613 gektar meýdanda iş alnyp barlypdyr. Şunda 1200 tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Kärendeçileriň öz ekin ýerlerinde bol hasyly kemala getirmek ugrundaky yhlasly aladalarynyň, çeken zähmetiniň ýerine düşendigini gozalara beslenip oturan gowaçalary synlanyňda-da duýmak bolýar. Ýer eýeleriniň, kärendeçileriň, olaryň kömekçileriniň yhlas siňdirip ýetişdiren pagta hasylyny ýygymçylaryň özara bäsleşip, agzybirlikde ýygmaklary bolsa olaryň her bir iş gününi ýokary netijeler bilen jemlemeklerine mümkinçilik berýär.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».