Yhlasly zähmetiň netijesi

11 Oktýabr 2023
540

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary ýylyň-ýylyna aralyk ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, olardan ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Bu ýerde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem mäş, noýba, gawun-garpyz ýaly aralyk ekinleriň bol hasyly ýygnaldy.

Daýhan birleşiginiň kärendeçisi Miwe Kullyýewa hem şu möwsümde özüne berkidilen 17 gektarlyk kärende ýerinden mäşdir noýbanyň bereketli hasylyny ýygnandygyny guwanç bilen gürrüň berdi. Ol maşgala agzalary bilen 2015-nji ýyldan bäri bugdaýdan boşan ýerlere noýba, mäş ekip, ondan ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Daýhan gelin üstümizdäki ýylda hem çeken zähmetiniň ýerine düşendigine begenýär.

Ödegeldi KULYÝEW,
ştatdan daşary habarçymyz. Surata düşüren awtor.