Medeni hyzmat ýola goýulýar

11 Oktýabr 2023
534

Welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Meýdanlardan ýygnalan «ak altynyň» tonnalary pagta kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Bu ýerlerde günbe-günden beýgelýän pagta harmanlaryny synlanyňda gözüň dokunýar. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl welaýatymyzyň kärendeçi babadaýhanlary gowaçanyň sebitiň toprak-howa şertlerinde ozal synagdan geçirilen, köp hasyl berýän görnüşleriniň tohumlaryny ekip, olaryň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.

Bu jogapkärli möwsümiň dowamynda pagta ýygymyna gatnaşyjylaryň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary günortan arakesmesi döwründe pagtaçylara medeni hyzmat edýärler.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan». Surata düşüren Guwanç Agamämmedow.