Pagtaçylary höweslendirýäris

11 Oktýabr 2023
637

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň arly ýyl yhlas siňdirip ýetişdiren “ak altynyny” gysga wagtda we çalt ýygnap almak bu gün oba hojalygynda möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Gowaça meýdanlaryna görk goşup oturan “ak altynly” atyzlar daýhan zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir. Gymmatly baýlygy ýitgisiz ýygnamak bolsa, asylly işdir.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalarynyň uly topary oba zähmetkeşleridir, daýhanlardyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat, etrap komitetleriniň wekilleri häzirki gyzgalaňly we jogapkärli möwsümde daýhanlarymyzyň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip durýarlar, olary zähmet üstünligine ruhlandyrýarlar.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.