Atyzlarda zähmet joşguny

11 Oktýabr 2023
720

Daý­han maş­ga­la­syn­da ke­ma­la ge­len Je­mi­le bu gün hem he­mi­şe­ki en­di­gi­ne eýe­rip, ir bi­len kä­ren­de ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy. Ol ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da ha­tar tu­tup otu­ran go­wa­ça­ly meý­dan­la­ryň bir gy­ra­syn­da sak­lan­dy-da, tö­we­re­ge ser sal­dy. Patrak deýin açylan «ak altynlara» gözi düşen Jemile ýakymly ýatlamalara berildi. Ýaz gü­nü­niň ýu­waş­ja­dan öwüs­ýän ser­gin şe­ma­ly ja­na ýa­kym­ly bo­lup, go­wa­ça­la­ryň baş­la­ry­ny ça­la­ja yra­ýar­dy. Ka­da­ly gö­ge­riş ga­za­nyp, ha­tar tu­tup otu­ran go­wa­ça­lar ga­ryş bo­ýun­dan ge­çip­di. Ýe­ke­le­nip, ha­şal ot­lar­dan aras­sa­la­nan meý­dan­lar­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi meý­dan­la­ry has-da gör­ke ge­tir­ýär­di. Bu pur­sat­la­ry syn­lap du­ran daý­han ze­nan Je­mi­le Aky­ýe­wa gel­jek­ki edil­me­li iş­ler ba­ra­da pi­kir ýü­würd­ýär­di.

Ol go­wa­ça­la­ryň ha­ta­ra­ra­syn­da keş ge­çir­mek bi­len bir ha­tar­da, goş­ma­ça iý­mit­len­dir­me­gi has mö­hüm ha­sap­la­dy. Go­wa­ça­ly meý­dan­la­ra aý­la­nyp çy­kyp, kä­ren­de­çi­lik to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy bi­len du­şu­şyp, onuň bi­len er­tir­ki gü­nüň iş-ala­da­sy hak­da mas­la­hat­laş­dy. Or­ta aty­lan tek­lip ma­kul­la­nyp, to­par ýol­baş­çy­sy hem bu işiň aý­ny wag­ty­dy­gy­na göz ýe­tir­di. Des­si­ne to­pa­ryň kä­ren­de­çi­le­ri­niň ekin meý­dan­la­ry­na tej­ri­be­li me­ha­ni­za­tor Dört­gu­ly Aky­ýe­wyň ug­ra­dyl­ma­gy­ny ma­kul bil­di. Ine, san­ly­ja gü­nüň için­de go­wa­ça­la­ra ideg iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da göw­ne­jaý ýo­la go­ýul­ma­gy kä­ren­de­çi ze­na­nyň işi­niň has ug­ruk­ma­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Gün­sa­ýyn ös­ýän go­wa­ça­la­ryň gül gör­ke­zip baş­lan­dy­gy­na kä­ren­de­çi ze­nan öz ýa­nyn­dan be­ge­nip, er­tir­ki gü­ne has ynam­ly ga­ra­dy.

Ak­my­rat MÜR­ZÄ­ÝEW,
öz ha­bar­çy­myz. SU­RAT­DA: kä­ren­de­çi ze­nan Je­mi­le Aky­ýe­wa go­wa­ça meý­da­nyn­da. Su­ra­ta dü­şü­ren aw­tor.