Şaly oragy dowam edýär

17 Oktýabr 2023
573

Daşoguz welaýatynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynyň bol hasylly ekin meýdanlarynda şaly oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu möhüm möwsümi bellenilen möhletde guramaçylykly geçirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça welaýatda ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Demirgazyk sebitiň degişli düzümleriniň sazlaşykly işi, kuwwatly kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi netijesinde, şaly oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar.

Ýokumlylygy hem şireliligi taýdan aýratyn tapawutlanýan daşoguz tüwüsi, esasan, welaýatyň Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynda öndürilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa, 3350 gektar ýerden 14 500 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bu daýhan birleşiklerinde kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşyldy. Täze hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin kombaýnlaryň 100-den gowragy bökdençsiz işledilýär.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).