Bagban bagyndan belli

17 Oktýabr 2023
792

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada öňe süren ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzir ýurdumyzyň sebitlerinde saýaly hem-de dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirýän tejribeli bagbanlaryň hatary barha artýar.

Mary welaýatynda-da baglarynda şekerden şirin, baldan datly miwe hasyllaryny ýetişdirip, ak bazarlarymyzda önüm bolçulygynyň döredilmegine goşant goşýan bagbanlaryň sany barmak büküp sanardan kän. Ýolöten etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Apbas Alyýew hem şolaryň biri. Topragyň «diline» düşünýän bu ýaşulyny kärendesine alan ýerinde ýylyň-ýylyna diňe bir bugdaýyň, pagtanyň bol hasylyny öndürýän tejribeli kärendeçi däl, eýsem, ussat bagban hökmünde-de welaýatda köpler tanaýarlar.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
žurnalist.