Gandym, hakykatdan hem, gamgynmyka?!

17 Oktýabr 2023
569

Ýurdumyzyň tebigatynyň täsin ösümlik görnüşleriniň biri-de, ýabany ösüp ýetişýän gamgyn gandymdyr (latynça,Calligonum triste). Kyrkbogunlylar (latynça, Polygonaceae) maşgalasyndan bolan, henize çenli ylmy taýdan doly derejede öwrenilmedik, ýurdumyzyň käbir ýerlerinde ösüp ýetişýän bu endemik ösümligiň adynyň öňüne «gamgyn» sözüniň goşulmagy onuň daşky görnüşi bilen gönüden-göni baglydyr. Çünki her ýyl bahar aýynda täze şahalar ösüp gülleýär. Geçen ýyllardan galan şahalara hiç hili ýaprak çykmansoň, olar ýere tarap eglip, gamgyn halda oturan ýaly bolup görünýärler. Şoňa görä-de, il içinde bu çöl agajy «gamgyn gandym» diýlip atlandyrylýar. Bu görnüş Türkmenistanyň çäginde Kiçi Balkan dagynyň günorta-günbatarynda Gumdag şäherçesiniň töwereginde, şeýle hem Demirgazyk Aralýaka sebitlerine golaý bolan Termenbes dagynda we Gazagystanyň sazakly sebitlerine golaý bolan kiçeňräk ýerlerde duş gelýär.

Gamgyn gandym uzynlygy 50 – 80 santimetr töweregi bolan gyrymsy agaçdyr. Onuň agaçlaşan açyk sarymtyl ýa-da çal reňkli baldagy bolýar. Ýaşyl reňkli iňňä meňzeş pürli ýapraklary bolsa birnäçe bogunlardan ybarat. Bu ösümligiň ak reňkli güljagazlary bolup, olar uzynlygy 1 – 2 millimetr bolan gül sapagyna birleşendirler. Miwesi süýri şekilli bolup, güýçli towlanan görnüşli gasynlardan ybarat. Bu agajyň miwesi «hozjagaz» diýlip atlandyrylýar we onuň üstki gatlagy 2 hatarlaýyn ýerleşen seýrek tüýjagazlar bilen örtülendir. Hozjagazyň diametri 0,3 – 0,6 santimetr aralygynda bolup bilýär.

Sona AWIŞEWA,
S.A.Nyýazow adyndakyTOHU-nyň mugallymy.