Welaýatymyzda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär

11 Oktýabr 2023
545

Şu günki yhlas — ertirki bol hasyl

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden dabaralandyrylan şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda obasenagat toplumynyň çalt depginler bilen ösüşi barada aýtmak bilen: «Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary şu ýyl hem bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşdular» diýip belläp geçdi. Munuň özi gallaçy daýhanlaryň ekin meýdanlarynda çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigini aňladýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».