"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Priýutinodaky türkmen halysy

Russiýa Federasiýasynyň Ýokary ykdysady mekdep milli ylmy barlaglar uniwersitetiniň A.W.Poletaýew adyndaky taryhy-nazaryýet ylmy-barlag ynsanperwer institutynyň ylmy işgäri Anton Ishanow uzak ýyllaryň dowamynda halkymyzyň geçmiş-taryhyny ylmy esasda öwrenip, bu tema bagyşlanan makalalary bilen Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň gazet-žurnallarynda çykyş edýär. Ol ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, forumlara yzygiderli gatnaşýar. Golaýda A.Ishanow gadymy haly sungatymyz barada gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi.

Türkmeniň goşa gudratynyň hormatyna tutulan goşa toý

Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize hem-de türkmen alabaýlarymyza örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Mähriban Arkadagymyz boş wagtyny şolara bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri hem-de edermen alabaýlary özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem ussat çapyksuwardyr. Milli Liderimiz döwlet derejesindäki işlerinden boş wagty ahalteke bedewleri bilen yzygiderli didarlaşyp, olar bilen gezelenç edýär. Täze dünýä rekordlaryny gazanýan bedewlerimiziň üstünlikleri hem şol atalyk aladanyň miwesidir. Türkmenistan atşynaslygyň hem-de itşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär. Aslyýeti merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň durmuşynyň hemme döwürlerinde ýelden ýüwrük, eýesine wepaly gamyşgulak bedewlerimiz, gaýduwsyz, edermen alabaýlarymyz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk we itşynaslyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewleridir alabaýlarymyz halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Behişdi bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn syrdaşy, toý gününde ýürekdeş hemrasy bolupdyr. Ahalteke bedewleri milliligiň, kämilligiň, at mertebesiniň we şan-şöhratynyň nusgasydyr, owadanlygy, gylyk-häsiýeti we ynsan kibi düşbüligi bilen bütin dünýäde giňden tanalypdyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň şöhraty dogduk mekanlarynyň çäklerinden ç

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam edip, täze ösüşine eýe boldy. Paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi. Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar. Muzeýde tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we ajaýyp häsiýeti bilen Diýarymyzyň çäklerinden daşarda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň «T

Baýramlara baý aý

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň maý aýy baýramlara beslenip geldi. 9-njy maýda türkmen halky Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramyny dabaraly bellär. Atalarymyzyň gaýduwsyz gahrymançylygy bilen gazanylan ýeňiş bu günki nesiller üçin edermenligiň, ata Watana wepalylygyň, halallygyň, arassa ahlaklylygyň belent nusgasyna öwrüldi. Şol ýyllaryň kynçylygyny egni bilen çeken, ýar ojagyna wepalylygyň nusgasyny görkezen gelinleriň ahlak mertligi, halallygy, zähmetsöýerligi türkmen gyz-gelinleri üçin görüm-göreldäniň mukaddes ýörelgesine öwrüldi. Baýram gününde bagtly döwrüň ýaşuly neslini, kümüş saçly käbeleri mähirli sözler, güler ýüzler bilen gutlamak has guwançly.

Aşgabatda aýratyn bir jady bar

Bir ýany goja Köpetdag, bir tarapy bolsa seleň atyp oturan sähraýy Garagum. Şu iki mukaddesligiň we beýikligiň arasynda bolsa, bu gün dünýä röwşen saçýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk mermer paýtagtymyz Aşgabadymyz bar. Hormatly Prezidentimiz mermer paýtagtymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda tutýan orny barada şeýle diýýär: «Biz Aşgabady ajaýyp şähere — täze eýýamyň nyşanyna öwrüp, ony agtyklarymyza we çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys». Gahryman Arkadagymyzyň kämil sungat eserine öwrülen şäherimiz dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň mesgeni, gündogar binagärlik sungatynyň genji-hazynasy, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde şöhratlanýar. Şäherimiziň görküne ajaýyplyk çaýýan her bir bina seredeniňde gözüň dokunýar. Irden ýola rowana bolan her kişi säheriň tyllaýy şapagynyň röwüşindäki ajaýyp keşbi göwün sözi bilen alkyşlaýar. Şu ýerde şahyr Gurbannazar Ezizowyň şeýle setirleri seriňe dolýar: Salam dostum, mähribanym, Aşgabat,Sen hemme şäherden mähriban şäher.

Ruhubelentlige beslenen baýram

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde eziz Diýarymyzda ilkinji gezek bellenilip geçilen goşa baýramyň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň mysalynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda türkmen halkynyň bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýandygyna göz ýetirmek boldy. Şol gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Säher bilen bu ýerde ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň çägine barýan ýoluň ugrunda ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň uly sergisi guraldy. Bagşylaryň we sazandalaryň çykyşlary, pälwanlaryň gatnaşmagynda sport ýaryşlary ýaýbaňlandy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary öz ussatlygyny we sungatyny görkezdi.

Gözelligiň şäheri

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ak şäherimiz Aşgabat belent ösüşleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenip, gözel paýtagtymyzda kemala getirilen giň hem owadan köçeler, şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan belent ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki binalardyr desgalar bu gün ildeşlerimiziň guwanjyna öwrüldi. Ak mermerli gözel paýtagtymyzyň dürli maksatly gurluşyklary dünýäniň gazananlary, milli binagärçilik sungaty bilen sazlaşyp ajaýyp gözelligi emele getirýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde Çandybil şaýolunyň ugrunda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň döwrebap binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen şol desgalaryň üsti ýetirildi. Bu binalar özüniň bezeg

Milliligi dabaralandyrýan ösüşler

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň zähmet üstünlikleri, şanly wakalary Jahanda parahatçylygy dabaralandyrýan wakalar hökmünde taryhy bezeýär. Durmuşa geçirilýän iri taslamalar, işe girizilýän önümçilik desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk syýasatyny dabaralandyrýar. 5-nji maýda Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýere baryp gördi we ony makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenilen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi bilen

Adamzadyň baý durmuş tejribesi bar. Şol durmuş tejribeleriniň esasynda-da dünýä ösüşlerden-ösüşlere mümkinçilik tapýar. Hawa, haçandyr bir wagtlar azym-azym döwletleriň hem kanunçylyk namalary häzirki döwre seredeniňde, has ýönekeý eken. Kanunlaryň sanaýmaly kadalary, düzgünleri bar eken. Emma döwür-döwranyň ösüşlerden-ösüşlere beslenmegi bilen kanunlar hem, kanunçylyk namalary hem şol döwrüň talaplaryna görä kämilleşipdir, özgeripdir.

Bagy-bossan, jennet mekan Aşgabat

Ýurdumyzyň ýüregi, baş şäherimiz Aşgabat günsaýyn gözelleşýär, görkanalyga beslenýär, giňeýär, döwrebaplaşýar. Bu bolsa biziň her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Gözel Aşgabadymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tanalmaz derejede ösdi. Döwlet Baştutanymyz şähergurluşygyny hut özüniň üns merkezinde saklap, paýtagtymyzda gurulýan binalar we ymaratlar boýunça gymmatly maslahatlarydyr belliklerini aýdýar. Bu günki gün mermer paýtagtymyzy görmäge göz gerek. Onuň yklymyň iň owadan we kaşaň şäherleriniň birine öwrülmeginde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyzyň zähmeti uludyr. Islendik ýurduň ösüşi, onuň ykdysady kuwwaty paýtagt şäheriň keşbinde öz beýanyny tapýar. Aşgabadyň köşkler toplumyny, başy asmana direýän beýik-beýik ymaratlaryny, göni we giň köçelerini, köp sanly seýilgählerini, owadan suw çüwdürimlerini, ýerasty we ýerüsti geçelgelerini, döwrebap köprülerini, ýaşyl zolaklaryny göreniňde, döwletimiziň nähili ýokary derejede ösendigine, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyna göz ýetirýärsiň. Bu zatlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baş şäherimiziň hukuk binýadynyň pugtalandyrylandygy hem aýratyn bellärliklidir. Munuň şeýledigini Esasy Kanunymyzda «Türk

Garaşsyzlygyň röwşen menzilleri

Häzirki wagtda Türkmenistanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa topary tarapyndan degişli ugurdaky Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha beriş çäresiniň 2-nji tapgyry geçirilýär. Bu çäräniň dowamynda Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp düzýän (FATF) toparyň we şol toparyň Ýewraziýa toparynyň (EAG) wekillerinden ybarat bolan wekiliýetiň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegine garaşylýar. Çäräniň taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy we şol ministrligiň ýanynda döredilen adybir utgaşdyryjy Pudagara iş topary tarapyndan ýerine ýetirilýär hem-de netijeli amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly, FATF (Financial Action Task Force) — jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy halkara standartlaryny işläp taýýarlaýan, bu ugurda milli ulgamlaryň şol standartlara laýyklygyna baha berýän hökümetara topardyr. Ol jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş çygrynda özüniň 40 maslahaty bilen çykyş edýär.

Gazete ýazylmaga howlugyň!

Hormatly okyjylar, 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin «Adalat» gazetine abuna ýazylyşyk möwsümi başlandy. Ýurdumyzda kabul edilýän we kämilleşdirilýän kanunlar, kanunçylyk namalary hem-de hukuk meseleleri bilen içgin gyzyklanyp, ýakyndan tanyşmak isleýänler «Adalat» gazetiniň abuna ýazylyşygy üçin aragatnaşyk bölümlerine ýüz tutup bilerler. Gazete iki görnüşde — çap edilýän hem-de elektron görnüşdäki neşirler boýunça ýazylyp bilersiňiz.

Mukaddeslige belent sarpa

Ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni barha ýakynlaşýar. Şu ýyl Ýeňşiň gazanylanyna 76 ýyl dolýar. Her ýylda bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlaryň, harby gullukçylaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle dabaralaryň biri geçirildi. Şanly sene — Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen ýigitleriniň görkezen gahrymançylyklary barada gürrüň berdiler.

Mertligiň öňünde başlar egilýär

Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň biri-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş günüdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göwünlerde merdana pederlerimiziň watansöýüjiligine, edermenligine çäksiz buýsanç duýgularyny döredýän bu şanly sene barada «Millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes Ýeňiş parahatçylygy we hoşniýetliligi dabaralandyrýan baýramdyr» diýip belleýär. Ýeňiş güni 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, soňra eziz Diýara, dogduk mekana, mukaddes ojaga dolanyp gelen gerçekleriň, şeýle hem tylda zähmet edermenliginiň nusgalyk göreldesini görkezip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşan ildeşlerimiziň mertebesiniň Watanymyzda belent tutulýan günüdir. Ýeňiş güni şol uruşda baş goýup, gurban bolan gahrymanlaryň hatyralanýan, sarpalanýan günüdir.

Garaşsyz Watanymyz — köňülleriň buýsanjy

«Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan duýgy-düşünjesi has-da çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirýän beýik işleriniň esasynda watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, uly ösüş-özgerişlikleriniň nyşanydyr. Milli Liderimiziň üstünlikli amala aşyrýan toplumlaýyn özgertmeleri, her bir geçirýän hökümet maslahatlary ozaly bilen il abadançylygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Aslyýetinde, watansöýüjilik dana we merdana halkymyzyň asyrlarboýy taraşlap hem kämilleşdirip gelen ahlak gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Munuň hut şeýledigine şöhratly taryhymyza nazar aýlanymyzda, şahyrana halk döredijiligimiz, nusgawy edebiýatymyz arkaly hem açyk-aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlaryny okanymyzda hem biziň her birimiziň kalbymyzda şu hakykat aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň, kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömürleriniň çeper beýany, hususan-da ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga we ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň: «Eliňizdäki «Döwlet guşy» atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary — çagalyk ýyllarymdan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezi

Gözel keşbiň nusgalykdyr, Aşgabat!

Ýurdumyz mähriban halkymyzyň ömürboýy arzuwlap ýeten şanly Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna eýe bolanyndan soň, täze ösüşler gazanyp, belent sepgitleri eýeläp, adyny dünýä tanadan döwletleriň biri boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy, şol sanda gözel paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjekleri täze keşbe eýe bolup, halkymyzyň rahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üpjün edilýär. Türkmen halky «Türkmenistan — ynanyşmagyň we parahatçylygyň Watany» şygary bilen dowam edýän 2021-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny hem-de şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär. Merjen paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün gözelligi, ajaýyp binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde şähergurluşyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şol gurulýan desgalar diňe bir ýaşaýjylarymyzyň rahat ýaşamagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daş keşbiniň gözelligi, arassalygy bilen hem g

Dünýä ýüzi haýran saňa, Aşgabat!

Bu gün Aşgabat şäheri özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň sünnäläp döreden sungat eseri — gözel paýtagtymyz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäde iň köp sanly ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna bellige alyndy. Şol seneden bäri geçen sekiz ýyla golaý döwrüň içinde şeýle binalaryň sany has hem artdy. Ak mermerli paýtagtymyz ýylyň ähli paslynda al-ýaşyla beslenendir. Täze seýilgähler gurlup, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Gurulýan edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi, köçeleriň, şaýollaryň gyralary owadan baglardyr güller bilen bezelýär. Şeýle gözelligi synlanyňda kalbyň heýjana gelýär.

Kuw­wat­ly in­že­ner-teh­ni­ki des­ga­lar: tyg­şyt­lyly­gyň baş çeş­me­si

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji maý­da Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, «Mi­we» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň önüm­çi­li­gi hem-de onuň in­že­ner-teh­ni­ki dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry bi­len ta­nyş­ma­gy, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­me­gi bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, bu ugur­da hu­su­sy­ýet­çi­le­ri gol­da­ma­ga, suw­dan re­je­li peý­da­lan­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri or­naş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­sin­de düýn ge­çi­ri­len ho­şal­lyk mas­la­ha­tyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň iri tas­la­ma­la­rdyr mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ma­ly­dygy­ny, san­ly ul­ga­my, yl­my-teh­no­lo­gik ga­za­ny­lan­la­ry iş tejribesine giňden or­naş­dyr­ma­ly­dygy­ny nygtady.

Şäher bilen ýaşytdaş daragt

Bu täsin daragt barada gazetiň 2019-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky sanynda-da bilenimizi paýlaşypdyk. Ol şol wagt 138 ýaşyndady. Indi 140 ýaşynda. Bu taryhy daragt 140 ýaşyny toýlaýan Aşgabadymyz bilen ýaşytdaş. Ilki bilen sözümiziň başynda «140 ýaşyň gutly bolsun, Aşgabat! 140 ýaşyň gutly bolsun, goja daragt!» diýesimiz gelýär. Hawa, o goja daragty görmek üçin paýtagtymyzyň merkezindäki Aşgabat demir ýol menziliniň golaýynda, öňki demirýolçular (häzirki «Köpetdag» sport toplumynyň bedenterbiýe we sagaldyş toplumynyň) seýilbagyna baraýmaly. Seýilbaga girmänkäň, göreniňden, onuň bu golaýyň daragty däldigine göz ýetirýärsiň.

Parahatlyk binýady

Balkanabat şäher merkezi kitaphanasy şäherdäki 5-nji orta mekdep bilen bilelikde «Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady» atly çäre gurady. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýedigini nygtadylar. Parahatçylygy üpjün etmegiň, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň milli Liderimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny, bedew batly öňe barýan ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, gözel tebigatymyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.