Milliligi dabaralandyrýan ösüşler

6 Maý 2021
746

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň zähmet üstünlikleri, şanly wakalary Jahanda parahatçylygy dabaralandyrýan wakalar hökmünde taryhy bezeýär. Durmuşa geçirilýän iri taslamalar, işe girizilýän önümçilik desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk syýasatyny dabaralandyrýar.

5-nji maýda Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýere baryp gördi we ony makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenilen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.

«Adalat».