Gözelligiň şäheri

6 Maý 2021
948

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ak şäherimiz Aşgabat belent ösüşleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenip, gözel paýtagtymyzda kemala getirilen giň hem owadan köçeler, şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan belent ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki binalardyr desgalar bu gün ildeşlerimiziň guwanjyna öwrüldi. Ak mermerli gözel paýtagtymyzyň dürli maksatly gurluşyklary dünýäniň gazananlary, milli binagärçilik sungaty bilen sazlaşyp ajaýyp gözelligi emele getirýär.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde Çandybil şaýolunyň ugrunda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň döwrebap binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen şol desgalaryň üsti ýetirildi. Bu binalar özüniň bezeg taýdan owadanlygy, belentligi we bu ýerde gurlan beýleki binalar toplumlary bilen paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar.

Maksat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.