Kuw­wat­ly in­že­ner-teh­ni­ki des­ga­lar: tyg­şyt­lyly­gyň baş çeş­me­si

6 Maý 2021
788

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji maý­da Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, «Mi­we» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň önüm­çi­li­gi hem-de onuň in­že­ner-teh­ni­ki dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry bi­len ta­nyş­ma­gy, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­me­gi bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, bu ugur­da hu­su­sy­ýet­çi­le­ri gol­da­ma­ga, suw­dan re­je­li peý­da­lan­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri or­naş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­sin­de düýn ge­çi­ri­len ho­şal­lyk mas­la­ha­tyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň iri tas­la­ma­la­rdyr mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ma­ly­dygy­ny, san­ly ul­ga­my, yl­my-teh­no­lo­gik ga­za­ny­lan­la­ry iş tejribesine giňden or­naş­dyr­ma­ly­dygy­ny nygtady.

(Ýö­ri­te ha­bar­çy­myz).