Baýramlara baý aý

6 Maý 2021
817

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň maý aýy baýramlara beslenip geldi.

9-njy maýda türkmen halky Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramyny dabaraly bellär. Atalarymyzyň gaýduwsyz gahrymançylygy bilen gazanylan ýeňiş bu günki nesiller üçin edermenligiň, ata Watana wepalylygyň, halallygyň, arassa ahlaklylygyň belent nusgasyna öwrüldi. Şol ýyllaryň kynçylygyny egni bilen çeken, ýar ojagyna wepalylygyň nusgasyny görkezen gelinleriň ahlak mertligi, halallygy, zähmetsöýerligi türkmen gyz-gelinleri üçin görüm-göreldäniň mukaddes ýörelgesine öwrüldi. Baýram gününde bagtly döwrüň ýaşuly neslini, kümüş saçly käbeleri mähirli sözler, güler ýüzler bilen gutlamak has guwançly.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.