Garaşsyzlygyň röwşen menzilleri

6 Maý 2021
767

Häzirki wagtda Türkmenistanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa topary tarapyndan degişli ugurdaky Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha beriş çäresiniň 2-nji tapgyry geçirilýär. Bu çäräniň dowamynda Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp düzýän (FATF) toparyň we şol toparyň Ýewraziýa toparynyň (EAG) wekillerinden ybarat bolan wekiliýetiň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegine garaşylýar. Çäräniň taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy we şol ministrligiň ýanynda döredilen adybir utgaşdyryjy Pudagara iş topary tarapyndan ýerine ýetirilýär hem-de netijeli amala aşyrylýar.

Bilşimiz ýaly, FATF (Financial Action Task Force) — jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy halkara standartlaryny işläp taýýarlaýan, bu ugurda milli ulgamlaryň şol standartlara laýyklygyna baha berýän hökümetara topardyr. Ol jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş çygrynda özüniň 40 maslahaty bilen çykyş edýär.

Hallygül TUWAKOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hukuk we halkara gatnaşyklary müdirliginiň daşary aragatnaşyklar bölüminiň uly gözegçisi.