Aşgabatda aýratyn bir jady bar

6 Maý 2021
857

Bir ýany goja Köpetdag, bir tarapy bolsa seleň atyp oturan sähraýy Garagum. Şu iki mukaddesligiň we beýikligiň arasynda bolsa, bu gün dünýä röwşen saçýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk mermer paýtagtymyz Aşgabadymyz bar. Hormatly Prezidentimiz mermer paýtagtymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda tutýan orny barada şeýle diýýär: «Biz Aşgabady ajaýyp şähere — täze eýýamyň nyşanyna öwrüp, ony agtyklarymyza we çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys». Gahryman Arkadagymyzyň kämil sungat eserine öwrülen şäherimiz dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň mesgeni, gündogar binagärlik sungatynyň genji-hazynasy, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde şöhratlanýar. Şäherimiziň görküne ajaýyplyk çaýýan her bir bina seredeniňde gözüň dokunýar. Irden ýola rowana bolan her kişi säheriň tyllaýy şapagynyň röwüşindäki ajaýyp keşbi göwün sözi bilen alkyşlaýar. Şu ýerde şahyr Gurbannazar Ezizowyň şeýle setirleri seriňe dolýar:

Salam dostum, mähribanym, Aşgabat,
Sen hemme şäherden mähriban şäher.

Mähri GAÝYBOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.