Türkmeniň goşa gudratynyň hormatyna tutulan goşa toý

6 Maý 2021
836

Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize hem-de türkmen alabaýlarymyza örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Mähriban Arkadagymyz boş wagtyny şolara bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri hem-de edermen alabaýlary özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem ussat çapyksuwardyr. Milli Liderimiz döwlet derejesindäki işlerinden boş wagty ahalteke bedewleri bilen yzygiderli didarlaşyp, olar bilen gezelenç edýär. Täze dünýä rekordlaryny gazanýan bedewlerimiziň üstünlikleri hem şol atalyk aladanyň miwesidir. Türkmenistan atşynaslygyň hem-de itşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär. Aslyýeti merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň durmuşynyň hemme döwürlerinde ýelden ýüwrük, eýesine wepaly gamyşgulak bedewlerimiz, gaýduwsyz, edermen alabaýlarymyz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk we itşynaslyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewleridir alabaýlarymyz halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Behişdi bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn syrdaşy, toý gününde ýürekdeş hemrasy bolupdyr. Ahalteke bedewleri milliligiň, kämilligiň, at mertebesiniň we şan-şöhratynyň nusgasydyr, owadanlygy, gylyk-häsiýeti we ynsan kibi düşbüligi bilen bütin dünýäde giňden tanalypdyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň şöhraty dogduk mekanlarynyň çäklerinden çykyp, tutuş dünýä ýaýrapdyr. Olary täze belentliklere çykaran Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bolsa, atlaryň baş sany ýylsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda döwletimiziň bedew bady berkarar ata Watanymyzyň taryhyny, şu ajaýyp döwrüni we nurana geljegini alamatlandyrýar. Bu ösüşde öz mirasyny saklamagy, ösdürmegi hem-de baýlaşdyrmagy, şu günki abadan durmuşyny gurmagy we ajaýyp geljege tarap nurana ýoly çekmegi başarýan halkyň beýik ykbaly öz beýanyny tapýar. Halkymyz mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini, alabaýlaryny ajaýyp şaý-sepler, altyn-kümüş esbaplary bilen bezäpdir. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň asly nurdan bolan eziz halkymyzyň milli buýsanjy, wepaly syrdaşy, toýlarymyzyň bezegi bolan ahalteke bedewlerine we türkmen alabaýlaryna goýýan belent sarpasy netijesinde, olaryň dünýädäki şan-şöhraty belende göterilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewlerimize hem-de gaýduwsyz alabaýlarymyza goýýan belent sarpasy, eziz Diýarymyzda atçylyk we itşynaslyk pudagyny ösdürmek boýunça berýän goldawy netijesinde, ahalteke atlarynyň hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhraty we at-abraýy has-da belende göterilýär, Ata-babalarymyzyň bize miras goýan behişdi bedewlerimiziň ajaýyp keşbini, nesil arassalygyny gorap saklamakda döredilýän şertler atşynaslarymyzy, seýislerimizi, bedew janköýerlerini çäksiz buýsandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky ajaýyp zamanada we eşretli durmuşda ýaşaýar. Ata-babalarymyzdan bize miras galan gadymy milli däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmegi, durmuşa ornaşdyrylmagy, olara täze öwüşgin berilmegi atşynaslarymyzy hem-de itşynaslarymyzy has-da buýsandyrýar. Milli Liderimiziň adamzadyň bähbitleriniň geljegini nazarlaýan, parahatçylygy hem-de agzybirligi maksat edinýän beýik işleri, alyp barýan içeri we daşary syýasaty Turkmenistany dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwürdi.