Ruhubelentlige beslenen baýram

6 Maý 2021
857

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde eziz Diýarymyzda ilkinji gezek bellenilip geçilen goşa baýramyň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň mysalynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda türkmen halkynyň bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýandygyna göz ýetirmek boldy.

Şol gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Säher bilen bu ýerde ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň çägine barýan ýoluň ugrunda ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň uly sergisi guraldy. Bagşylaryň we sazandalaryň çykyşlary, pälwanlaryň gatnaşmagynda sport ýaryşlary ýaýbaňlandy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary öz ussatlygyny we sungatyny görkezdi.

Kerim Gurbanmeredow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň dekany.