Parahatlyk binýady

5 Maý 2021
732

Balkanabat şäher merkezi kitaphanasy şäherdäki 5-nji orta mekdep bilen bilelikde «Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady» atly çäre gurady. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýedigini nygtadylar. Parahatçylygy üpjün etmegiň, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň milli Liderimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler.

Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny, bedew batly öňe barýan ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, gözel tebigatymyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Bagtygül ÖWEZOWA,
Balkanabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.