Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

6 Maý 2021
722

Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam edip, täze ösüşine eýe boldy. Paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi.

Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar. Muzeýde tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we ajaýyp häsiýeti bilen Diýarymyzyň çäklerinden daşarda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» goşgusynyň hala çitilen nysgasy muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Bu ýerde halkymyzyň bedewlerine aýratyn garaýşynyň subutnamalary bolan atlaryň bezeg şaý-sepleriniň ajaýyp nusgalary bar. Altyndan, kümüşden taýýarlanan bezeg şaýlary taryhyň dürli döwürlerinde, çylşyrymly ýagdaýlarda gorag esbaplary hökmünde hyzmat edipdir. Kümüşden ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplary ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, bedewleriň gözelligine gözellik goşupdyr. Muzeýdäki monitorda Arkadag Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W. Putine wepadarlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň nyşany hökmünde alabaý köpegini sowgat berýän görnüşlerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Bu ýerde milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň ozalky Hökümet baştutany D.Medwedewe sowgat beren alabaýy, bu türkmen itiniň Russiýanyň tebigatyna, onuň howa aýratynlyklaryna çalt uýgunlaşandygy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem ady rowaýata öwrülen Akhanyň täze dünýä inen taýy bolan Aşgabat atly taýçanak, onuň ösüşi, özboluşly beden gurluşy barada gürrüň berýän wideoşekilleriň görkezilmegi dabarany täze mazmun bilen baýlaşdyrdy.