Gözel keşbiň nusgalykdyr, Aşgabat!

6 Maý 2021
664

Ýurdumyz mähriban halkymyzyň ömürboýy arzuwlap ýeten şanly Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna eýe bolanyndan soň, täze ösüşler gazanyp, belent sepgitleri eýeläp, adyny dünýä tanadan döwletleriň biri boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy, şol sanda gözel paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjekleri täze keşbe eýe bolup, halkymyzyň rahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üpjün edilýär.

Türkmen halky «Türkmenistan — ynanyşmagyň we parahatçylygyň Watany» şygary bilen dowam edýän 2021-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny hem-de şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär. Merjen paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün gözelligi, ajaýyp binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde şähergurluşyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şol gurulýan desgalar diňe bir ýaşaýjylarymyzyň rahat ýaşamagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daş keşbiniň gözelligi, arassalygy bilen hem göwnüňi göterýär. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine has-da gözellik goşjak täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, işewürlik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depgini barha artýar. Gurulýan täze desgalaryň şaýollar we pyýadalar üçin niýetlenilen ýanýodalar, şeýle hem gül-gunçaly baglar bilen özara sazlaşygy ak mermerli Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar.

Begenç RAHMANKULOW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrabyndaky guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň hünärmeni.