Bagy-bossan, jennet mekan Aşgabat

6 Maý 2021
710

Ýurdumyzyň ýüregi, baş şäherimiz Aşgabat günsaýyn gözelleşýär, görkanalyga beslenýär, giňeýär, döwrebaplaşýar. Bu bolsa biziň her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Gözel Aşgabadymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tanalmaz derejede ösdi. Döwlet Baştutanymyz şähergurluşygyny hut özüniň üns merkezinde saklap, paýtagtymyzda gurulýan binalar we ymaratlar boýunça gymmatly maslahatlarydyr belliklerini aýdýar. Bu günki gün mermer paýtagtymyzy görmäge göz gerek. Onuň yklymyň iň owadan we kaşaň şäherleriniň birine öwrülmeginde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyzyň zähmeti uludyr. Islendik ýurduň ösüşi, onuň ykdysady kuwwaty paýtagt şäheriň keşbinde öz beýanyny tapýar. Aşgabadyň köşkler toplumyny, başy asmana direýän beýik-beýik ymaratlaryny, göni we giň köçelerini, köp sanly seýilgählerini, owadan suw çüwdürimlerini, ýerasty we ýerüsti geçelgelerini, döwrebap köprülerini, ýaşyl zolaklaryny göreniňde, döwletimiziň nähili ýokary derejede ösendigine, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyna göz ýetirýärsiň. Bu zatlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baş şäherimiziň hukuk binýadynyň pugtalandyrylandygy hem aýratyn bellärliklidir. Munuň şeýledigini Esasy Kanunymyzda «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip berkidilen kadada görmek bolýar. «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýtagt döwletimiziň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezidir.

Tirkiş SUHANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdürliginiň harby gullukçysy, maýor.