Mukaddeslige belent sarpa

6 Maý 2021
750

Ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni barha ýakynlaşýar. Şu ýyl Ýeňşiň gazanylanyna 76 ýyl dolýar.

Her ýylda bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlaryň, harby gullukçylaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle dabaralaryň biri geçirildi. Şanly sene — Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen ýigitleriniň görkezen gahrymançylyklary barada gürrüň berdiler.

«Mugallymlar gazeti».