Dünýä ýüzi haýran saňa, Aşgabat!

6 Maý 2021
695

Bu gün Aşgabat şäheri özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň sünnäläp döreden sungat eseri — gözel paýtagtymyz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäde iň köp sanly ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna bellige alyndy. Şol seneden bäri geçen sekiz ýyla golaý döwrüň içinde şeýle binalaryň sany has hem artdy.

Ak mermerli paýtagtymyz ýylyň ähli paslynda al-ýaşyla beslenendir. Täze seýilgähler gurlup, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Gurulýan edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi, köçeleriň, şaýollaryň gyralary owadan baglardyr güller bilen bezelýär. Şeýle gözelligi synlanyňda kalbyň heýjana gelýär.