"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Akyldar türkmen kino sungatynda

1968-nji ýylda meşhur sungat ussady Alty Garlyýew «Magtymguly» çeper filmini döretdi. Alty Garlyýewiň Magtymguly Pyraga bolan gatnaşygy barada ýörite aýtmalydyrys. Ol Magtymgulyny tükeniksiz ruhy älem hasaplaýardy, ony irginsiz okaýardy, öwrenýärdi, ony il-gününe has giňden tanatmagyň arzuwynda gezýärdi. «Altynyň ýassygynyň aşagynda mydama Magtymgulynyň şygyrlar kitaby bardy» diýip, oňa juda belet kärdeşleri gürrüň berýärler. Alty Garlyýew bu ugurda iňňän kän çorba sowadýar, ýazýar, göwni ýetmän pozýar, ýene ýazýar... Ahyry uly söz ussady, dosty Berdi Kerbabaýew bilen awtorlykda «Magtymguly» operasynyň librettosyny döredýär. Ençeme ýyl geçse-de, Alty Garlyýew Magtymguludan ara açyp bilmeýär. Gaýtam, ol şahyryň syrly dünýäsine ymykly aralaşýar. «Magtymguly» filminde Magtymgulynyň keşbini janlandyrýan Hommat Müllük şeýle ýatlaýardy: «Alty aga maňa kyn, jogapkärli ýumşy tabşyrypdy. Men ony Alty Garlyýewiň ýakyndan hemaýaty, goldawy bilen alyp çykdym. Men şonda sungat ussadynyň Magtymgula niçiksi çuň düşünýändigine, halkymyzyň däbini, dessuryny iň maýdaja gyldyrganjygyna çenli ilik-düwme bilýändigine doly göz ýetirdim. Alty aga-da edil Magtymgulynyň özi ýaly, tüýs halkyň oglydy...»

Bagşyly halk — bagtly halk

«Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýär, pederlerimiz. Bu, hakykatdan, şeýle. Şahandazlygy bilen asyrlar aşan türkmen iliniň saýrak owazly bagşy-sazandalary ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, bagtyýar ýaşaýşyny aýdym-sazyň üsti bilen wasp edip, halka hemişe ruhy lezzet berip gelýärler. Şu ýerde aýdym aýtmaga höwes bildirip, eline dutar alyp, kynçylyklara garamazdan, halkyň öňüne çykan ilkinji zenan bagşylar barada gürrüň bermek has gyzykly bolsa gerek. «Mukamyň syry» kinofilmine tomaşa eden her bir adam Karkaranyň gaýduwsyzlygyna buýsanýar, oňa meňzäsi gelýär. Şirin owazy bilen kalplara siňen zenan bagşylaryň ilkinjileriniň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurjemal Adyýewa diýsek, ýalňyşmasak gerek. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda Hanaly aga bilen Aýlar ejäniň maşgalasynda dünýä inen Nurjemal kakasynyň günde-günaşa öýlerine çagyrýan bagşy-sazandalaryny, ýomakçylaryny çaga höwesjeňligi bilen diňlär eken. Hanaly aganyň dutaryň kirişlerine ezberlik bilen erk edişine haýran galyp, barmaklaryny oýnadyp, kirişleri yzarlar eken.

Sungata teşne ýürek

Gözellik dünýäsi uç-gyraksyz umman ýaly. Ajaýyp sungat eserlerini synlanyňda dideleriň gözellikleriň dünýäsine atygsaýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gülara Babaýewa keramikadan dürli şekilleri ýasamagyň ussady, ol ökde nakgaşçy, küýzegär hem dizaýner hökmünde-de tanalýar. Bu zenana ukyp-başarnykdan ýeterlik paý berlipdir. Ussat zenan olaryň sazlaşygyndan ajaýyp sungat eserlerini döredýär. Gülara çagalykdan surat çekmäge höwesli bolýar. Ol, esasan, küýzeleriň, güldanlaryň, çäýnek-käsedir dürli gap-gaçlaryň suratlaryny çekip, ýüzüni dürli nagyşlar bilen bezemegi gowy görýär. Orta mekdebiň soňky synplarynda okaýan wagty ýaş gyzda öz çeken suratlarynyň şekillerini ýasamak höwesi hem döreýär. Gülara ilki plastilinden dürli şekilleri ýasaýar. Soňra olary palçykdan ýasamaga synanyşýar. Bu işde oňa kakasy Ereş aga, ejesi Hemragül ene ýerli-ýerden kömek berýärler. Çagalykdan ýüreginde beslän arzuwy ýaş zehini Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine alyp barýar. Ol ýerde mugallymy Tatýana Ostaşowadan sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär.

Welaýatymyzyň zähmetsöýer zenanlarynyň üstünligi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan ýurdumyzyň zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden “Gülüň owadan!” atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jeýleýji tapgyry geçirildi. Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde Ahal welaýatynyň topary hem üstünlikli çykyş etdi. Bäsdeş zenanlar degişli şertlerden ugur alyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda, keçe taýýarlananda ulanylýan gurallaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň bermekde, şeýle-de keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Ahally zenanlaryň çykyşlaryna hem ýokary baha berildi. Şeýlelikde, bäsleşikde Ýazbibi Atageldiýewa, Jennet Wepaýewa ýaly eli çeper zenanlardan ybarat welaýatymyzyň topary baýrakly ikinji orna mynasyp boldy. Olar guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

«Altyn baýragyň» eýeleri

25-28-nji iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirilip, oňa ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri ilkinji gezek gatnaşdy. Onunjy gezek geçirilýän festiwala türkmen sazandalary bilen bir hatarda Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly döwletleriň jemi 17 orkestri gatnaşdy. Dürli halklaryň meşhur kompozitorlarynyň döreden ajaýyp saz eserleri bilen bir hatarda türkmen kompozitorlarynyň saz eserleri hem belentden ýaňlandy. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen sazandalary festiwalda rus kompozitory P.I.Çaýkowskiniň «Serenada», norweg kompozitory E.Grihiň «Holberg döwrüniň prelýudiýasy», türkmen kompozitory B.Guliýewiň «Tansçylaryň prelýudiýasy» atly sazlaryny ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Gulpolat Şadurdyýewiň dutarda halypa kompozitor Aman Agajykowyň täzeden işlän «Durdy bagşy» atly halk sazyny orkestr bilen bile çalmagy festiwala gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Festiwalyň ýapylyş dabarasy Wenanyň «Altyn zal» ady bilen belli bolan meşhur «Muzikferaýn» zalynda geçirildi. Abraýly emin agzalarynyň biragyzdan ses bermegi netijesinde türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça festiwalyň «Altyn baýragyna» mynasyp boldy.

Gadymy hyzmatdaşlyk

31-nji iýulda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçihanasynyň guramagynda «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergi öz işine başlady. 4-nji awgusta çenli dowam etjek serginiň çäginde bu ýerde «Hanbaly fikhi» diýlip atlandyrylýan arap sungatynyň seýrek duş gelýän golýazmalary, gadymy ýadygärlikleriň fotosuratlary, iki mukaddesligiň — Mekge, Medine metjitleriniň suratlaryny, arap halkynyň milli däp-dessurlarynyň gönezligi bolan eserlerini, mukaddes Gurhanyň nusgalaryny synlamak mümkin. Bu ýerde gadymy golýazmalaryň asyl nusgalaryna uly orun berlip, olardan Abdullah bin Ahmad bin Muhammadyň, Ibn Kudamanyň «Al-Muknyg fil-fikh» atly golýazmasy, «Magtymgulynyň diwany. Eserde şahyr mukaddes Mekge-Medinäni uly höwes we söýgi bilen ýatlaýar» atly golýazma nusgasy, pars dilinde ýazylan, Muhammad ibn Haj ibn Şagban tarapyndan göçürilen «Tabaranyň taryhy» atly eseriň golýazma nusgasy görkezilýär. Serginiň çäginde arap hat ýazuwyny dürs ýazmak boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle-de iki halkyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Mukama eýlenen kelam

GurbangulyBERDIMUHAMEDOW Jemal bagşy Siz!

Halypa

Hoş owaza maýyl kalbyň adyndan,Size köp dogaýy salam, halypa!Bagtyn guçmuş belent sesiň badyndan,Mukama eýlenen kelam, halypa! Beýik sungat dünýä saçýar ýalkymyn,Joşuňyz ýatladýar umman tolkunyn,«Bilbil bagşysy siz türkmen halkynyň»,Size bu dereje halal, halypa!

Bilekde bişýän gözellik

Keçe Iki sany keçe ýazyldy töre,Birinjisi täze, beýleki köne.

Belentden ýaňlanan owazlar

Ýurdumyzda täze taryhy döwürde milli medeniýetimizi, sungatymyzy galkyndyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikler ýaşlaryň kalbynda belent ruhy joşguny oýarýar. Bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mesgeni bolan eziz Diýarymyzda ýaşlaryň dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de ruhy joşguna eýe boldy. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen bäsleşik ýaşlara ussatlygyny, ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşige gatnaşan ýaş höwesjeň aýdymçylar gezekli-gezegine sahna çykyp, onuň şertleri esasynda estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigatymyzyň taýsyz gözellikleriniň waspy joşgunly beýanyny tapdy. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyn

Bäsleşigiň ýeňijilerine söz berýäris

Guwanç TOÝÇYÝEW,Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy: — Türkmen halky ähli döwürlerde hem aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýup gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol sarpanyň has-da belende göterilendigi her birimizi buýsandyrýan hakykat. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha ösýän döwründe ýaşaýandygym, özümiň hem sungata dahylly adam bolup ýetişendigim üçin ykbalymdan müň keren razy.

ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY

Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli medeniýetimizi, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Toý-baýramlaryň goşadan gelýän ülkesinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem barha giň gerime eýe bolýar. Akyldar şahyryň baý many-mazmunly döredijiliginiň, gyzyldan gymmatly şygyrlarynyň bu günki gün diňe bir türkmen halky tarapyndan däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilmegi dana şahyryň mertebesiniň belentdigini aýdyň görkezýär. Ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary döredip, agzybirlige çagyrýan beýik akyldaryň bize galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, dünýäde dabaralanýar.

ÜNSSIZLIKMI ÝA PERWAÝSYZLYK?!

Amerikaly ussat skripkaçy Joşua Belliň döredijilik babatdaky meşhurlygy 1975-nji ýyldan bäri sazandalara gowşurylýan abraýly sylag – Eweri Fişeriň baýragyna mynasyp bolandan soň has-da artdy. Hatda adamlar Joşuanyň çalýan sazlaryny zalyň birinji hatarynda hezil edip diňlemek üçin 415 dollarlyk petege-de puluny gaýgyrmaýardylar. Emma sazyň ölemen janköýerleri filarmoniýadan daşarda sazandanyň ussatlygyna mynasyp baha berip bilýärmikä? Bu sowalyň jogabyny «The Washington Post» neşiriniň geçiren jemgyýetçilik tejribesi has-da aýdyňlaşdyrdy.

Zehinli sazandalarymyzyň Wenadaky üstünligi

25 — 28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri hem gatnaşdy. 2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan Bütindünýä orkestr festiwaly her ýyl uly şatlyk-şagalaň bilen geçirilip, ol dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalary we orkestrleri bir ýere jemleýär. Degişli guramaçylyk toparynyň çakylygy boýunça türkmen sazandalary şu ýyl 10-njy sapar geçirilýän bu festiwala ilkinji gezek gatnaşdylar. Türkmenistan bilen bir hatarda, festiwala Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly ýurtlardan jemi 17 orkestr gatnaşdy.

Änew — gadymy medeniýetiň ojagy

Änew medeniýeti biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda ýüze çykyp, biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň ahyryna çenli dowam edipdir. Arheologik babatda ol eneolit döwrüne gabat gelýär. Änew medeniýetini döreden ilat Gyzylarbatdan Göksüýri demir ýol menziline çenli Köpetdagyň etegindäki düzlüge ýaýrapdyr. Änew medeniýetiniň gazanan üstünlikleri umumadamzat medeniýetiniň ösmegine düýpli goşant goşdy. Ol Merkezi Aziýada ilkinji siwilizasiýanyň, ýagny Altyndepe siwilizasiýasynyň hut türkmen topragynda kemala gelmegine binýat bolup hyzmat etdi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem ýönelige däl. Gadymy Änew şäheri ak bugdaýyň ilkinji mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda bu gadymy topragyň baý taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Merkezi Aziýada iň gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýeti Änew topragynda ýüze çykypdyr. Bu medeniýeti döreden ilatyň galdyran yzlaryny öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda A.W.Komarow Änewiň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän gadymy depelerde gazuw işini geçirýär. Şonda ol birnäçe tapyndylary ýüze çykarýar. Ýüze çykarylan maglumatlar ylmy taýdan derňelmedik hem bolsa, olar barada çap edilen gazet makalasy bu ýadygärliklere alymla

Juwan ýürekleriň joşguny

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada geçirilen welaýat tapgyry tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Baýramçylyk ruhundaky sahnada eziz Diýarymyzyň günbatar sebitiniň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirişlerde saýlanan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň 10-sy ýokary ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. Olar köp sanly tomaşaçylaryň we talapkär emin agzalarynyň öňünde öz döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Ýaş zehinleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaç tutumlaryny, dost-doganlygy, erkana söýgini, sagdyn durmuş ýörelgesini, tebigat gözelliklerini wasp edýän joşgunly estrada we halk aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Täsirli hem şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalaryna mynasyp boldy. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede çykyş eden ýaşlara gymm

Zehin uçgunlary

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler bir hatarda medeniýet ulgamynda çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekdi. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 1958-nji ýylyň 28-nji iýunynda açyldy. 1965-nji ýylda mekdebe Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň ady dakylýar. Şu geçen ýyllaryň içinde mekdebimizde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan türkmen nakgaşlarynyň, heýkeltaraşlarynyň ençemesi bilim aldy.

«Magtymguly» operasy sahnada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toý-dabarasyna türkmen saz sungatynyň wekilleri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan düzülen aýdym-saz topary hem opera eserini döretmekde uly tejribesi bolan, kompozitorlar Aşyr Kulyýew bilen «Abadan», Daňatar Öwezow bilen «Leýli-Mejnun» operalaryny döretmäge gatnaşan Ýuliý Meýtus akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen «Magtymguly» operasyny halkyň dykgatyna ýetirdi. «Magtymguly» operasynyň librettosyny 1962-nji ýylda belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew bilen ussat režissýor Alty Garlyýew ýazýar. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bu saz eserine dirižýorlyk etmegi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew öz üstüne alýar. Golaýda bu opera barada gürrüň bermegini haýyş edip, ussat dirižýor Gurban Babaýewe ýüz tutduk. Ol şonda şeýle diýdi:

Halypa heýkeltaraşyň sergisi

«Daragt kökünden suw içýär»

Bagşy Mukamlar möwç urar meňzäp ummana,Ylham hyruç alyp, gaýnanda bagşy.Arzuwa ganatdyr, melhemdir jana,Nagmalaň çar ýana ýaýranda, bagşy!