Gadymy hyzmatdaşlyk

1 Awgust 2024
211

31-nji iýulda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçihanasynyň guramagynda «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergi öz işine başlady. 4-nji awgusta çenli dowam etjek serginiň çäginde bu ýerde «Hanbaly fikhi» diýlip atlandyrylýan arap sungatynyň seýrek duş gelýän golýazmalary, gadymy ýadygärlikleriň fotosuratlary, iki mukaddesligiň — Mekge, Medine metjitleriniň suratlaryny, arap halkynyň milli däp-dessurlarynyň gönezligi bolan eserlerini, mukaddes Gurhanyň nusgalaryny synlamak mümkin.

Bu ýerde gadymy golýazmalaryň asyl nusgalaryna uly orun berlip, olardan Abdullah bin Ahmad bin Muhammadyň, Ibn Kudamanyň «Al-Muknyg fil-fikh» atly golýazmasy, «Magtymgulynyň diwany. Eserde şahyr mukaddes Mekge-Medinäni uly höwes we söýgi bilen ýatlaýar» atly golýazma nusgasy, pars dilinde ýazylan, Muhammad ibn Haj ibn Şagban tarapyndan göçürilen «Tabaranyň taryhy» atly eseriň golýazma nusgasy görkezilýär. Serginiň çäginde arap hat ýazuwyny dürs ýazmak boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle-de iki halkyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar