Änew — gadymy medeniýetiň ojagy

30 Iýul 2024
259

Änew medeniýeti biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda ýüze çykyp, biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň ahyryna çenli dowam edipdir. Arheologik babatda ol eneolit döwrüne gabat gelýär. Änew medeniýetini döreden ilat Gyzylarbatdan Göksüýri demir ýol menziline çenli Köpetdagyň etegindäki düzlüge ýaýrapdyr. Änew medeniýetiniň gazanan üstünlikleri umumadamzat medeniýetiniň ösmegine düýpli goşant goşdy. Ol Merkezi Aziýada ilkinji siwilizasiýanyň, ýagny Altyndepe siwilizasiýasynyň hut türkmen topragynda kemala gelmegine binýat bolup hyzmat etdi.

Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem ýönelige däl. Gadymy Änew şäheri ak bugdaýyň ilkinji mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda bu gadymy topragyň baý taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Merkezi Aziýada iň gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýeti Änew topragynda ýüze çykypdyr. Bu medeniýeti döreden ilatyň galdyran yzlaryny öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda A.W.Komarow Änewiň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän gadymy depelerde gazuw işini geçirýär. Şonda ol birnäçe tapyndylary ýüze çykarýar. Ýüze çykarylan maglumatlar ylmy taýdan derňelmedik hem bolsa, olar barada çap edilen gazet makalasy bu ýadygärliklere alymlaryň ünsüni çekýär. 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy belli nemes arheology Gubert Şmidtiň gatnaşmagynda Änew depelerinde gazuw-barlag işlerini geçirýär. Onuň netijesi boýunça Rafael Pampelli Günorta Türkmenistanyň irki ekerançylary barada uly göwrümli ylmy işini neşir etdirýär. Ol bu işinde Änew ýadygärlikleriniň irki ekerançylaryň obasynyň galyndysydygyny tassyklaýar. Toplanan maglumatlaryň aýratynlyklaryna esaslanyp, Günorta Türkmenistanyň çäkleriniň ekerançylygyň ýüze çykan iň irki merkezleriniň biridigini subut edýär. Bu toprakda dörän ilkinji suwarymly ekerançylyk medeniýeti «Änew medeniýeti» diýlip atlandyrylýar. Soňraky ýyllarda alnyp barlan barlaglar Änew medeniýetini köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berdi. Onuň netijeleri türkmen halkynyň örän baý, gadymy medeni mirasa eýedigini ýüze çykardy.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.
Beýleki habarlar