Welaýatymyzyň zähmetsöýer zenanlarynyň üstünligi

2 Awgust 2024
196

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan ýurdumyzyň zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden “Gülüň owadan!” atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jeýleýji tapgyry geçirildi. Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde Ahal welaýatynyň topary hem üstünlikli çykyş etdi.

Bäsdeş zenanlar degişli şertlerden ugur alyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda, keçe taýýarlananda ulanylýan gurallaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň bermekde, şeýle-de keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Ahally zenanlaryň çykyşlaryna hem ýokary baha berildi. Şeýlelikde, bäsleşikde Ýazbibi Atageldiýewa, Jennet Wepaýewa ýaly eli çeper zenanlardan ybarat welaýatymyzyň topary baýrakly ikinji orna mynasyp boldy. Olar guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar