Juwan ýürekleriň joşguny

30 Iýul 2024
227

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada geçirilen welaýat tapgyry tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Baýramçylyk ruhundaky sahnada eziz Diýarymyzyň günbatar sebitiniň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirişlerde saýlanan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň 10-sy ýokary ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. Olar köp sanly tomaşaçylaryň we talapkär emin agzalarynyň öňünde öz döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Ýaş zehinleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaç tutumlaryny, dost-doganlygy, erkana söýgini, sagdyn durmuş ýörelgesini, tebigat gözelliklerini wasp edýän joşgunly estrada we halk aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Täsirli hem şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalaryna mynasyp boldy. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede çykyş eden ýaşlara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Balkanabat şäherinden Guwanç Toýçyýew bilen Türkmenbaşy etrabyndan Hally Babaýew has-da tapawutlanmagy başaryp, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýurt derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar