Belentden ýaňlanan owazlar

31 Iýul 2024
197

Ýurdumyzda täze taryhy döwürde milli medeniýetimizi, sungatymyzy galkyndyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikler ýaşlaryň kalbynda belent ruhy joşguny oýarýar. Bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mesgeni bolan eziz Diýarymyzda ýaşlaryň dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de ruhy joşguna eýe boldy. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen bäsleşik ýaşlara ussatlygyny, ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşige gatnaşan ýaş höwesjeň aýdymçylar gezekli-gezegine sahna çykyp, onuň şertleri esasynda estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigatymyzyň taýsyz gözellikleriniň waspy joşgunly beýanyny tapdy. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň sazlaşykly ösýändiginiň, aýdym-saz sungatymyzyň döwrebap kämilleşmegine goşant goşjak zehinli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar