Zehinli sazandalarymyzyň Wenadaky üstünligi

31 Iýul 2024
197

25 — 28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri hem gatnaşdy.

2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan Bütindünýä orkestr festiwaly her ýyl uly şatlyk-şagalaň bilen geçirilip, ol dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalary we orkestrleri bir ýere jemleýär. Degişli guramaçylyk toparynyň çakylygy boýunça türkmen sazandalary şu ýyl 10-njy sapar geçirilýän bu festiwala ilkinji gezek gatnaşdylar. Türkmenistan bilen bir hatarda, festiwala Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly ýurtlardan jemi 17 orkestr gatnaşdy.

Beýleki habarlar